Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan 11-nji fewralda geljek 30 ýylyň maslahatyny eder


Maslahata gatnaşyjylar. 25-nji sentýabr, 2021. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty 11-nji fewralda nobatdan daşary mejlisini geçirmek kararyna geldi. Synçylar ozal Ýaşulular maslahaty, soň Halk maslahaty, indi iki palataly parlamentiň mejlisi hökmünde geçirilýän uly ýygnaklaryň hakykatda 'halk bilen maslahatlaşmak' üçin däl-de, köplenç göz üçin we bir adamyň şahsyýet kultuny kanunlaşdyrmak üçin gurnalýandygyny öňe sürýärler.

Türkmenistanyň prezidenti we şol bir wagtda-da Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy, ýagny, iki palataly diýilýän parlamentiň hem ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararynda tassyklamagyna görä bu çäre ýurdy “geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny”, ...döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleri jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak üçin” geçirilýär.

Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek teklibi 7-nji ýanwarda, Gazagystanda bolan halk protestleriniň fonunda, G.Berdimuhamedow tarapyndan orta atyldy we synçylaryň ýurtda bolmagy mümkin täzelikler barada dürli çaklamalary öňe sürmegine sebäp boldy.

Döwlet baştutanyny şonda türkmenistanlylara “demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny döretmek hem-de kämilleşdirmek başartdy” diýmek bilen, ýurduň gelejegi baradaky aladalaryny dile getirdi.

"Biz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. ...biziň öňümizde şeýle uly wezipe durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris hem-de düzmelidiris” diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Şeýle-de prezident nobatdan daşary mejlisi geçirmek bilen bagly gurmaçylyk işlerini esasan wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa tabşyryldy.

18-nji ýanwarda çap edilen kararda mejlisiň Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde, Ahal welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky “Ruhyýet” köşklerinde, sanly ulgam arkaly geçiriljekdigi aýdyldy.

G. Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende öňki prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan parlamentden hem ýokaryk çykarylan Halk maslahatynyň kanuny ygtyýarlyklaryny ýatyrdy, emma, öňki prezidentiň edişi ýaly, azat saýlawlar arkaly saýlanmadyk adamlary öz syýasy kararlaryny tassyklatmak üçin ulanmagyny dowam etdirdi, olaryň sözi bilen mugt ýa arzan bahadan berlen hyzmatlary ýatyrdy.

Ýöne ol munuň bilen hem çäklenmedi we, ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň çylşyrymlaşmagy bilen, ilki Halk maslahatyny dikeltdi, soňra ony, iki palataly parlament döredýäris diýip, has uly ygtyýarlyga eýe etdi.

Şeýle-de prezident, Konstitusiýa laýyk gelmeýän göçüm edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy hem boldy.

Synçylar bu ýagdaýy kanunlaryň yzygiderli bozulmagy we demokratiki ýol-ýörelgeden daşlaşylmagy hökmünde häsiýetlendirdiler we prezidentiň häkimiýeti bikanun ýol bilen atadan-ogla geçirmek niýetinden ugur alýandygyny öňe sürüp başladylar.

Gazagystanda bolan halk gozgalaňlarynyň fonunda, 12-nji ýanwarda geçiren howpsuzlyk mejlisinde prezidentiň internet çäklendirmelerini, raýatlara edilýän gözegçiligi has-da berkitmek barada beren tabşyryklary, şu aralykda wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara edýän saparlarynyň has gürelmegi bolsa, bu çaklamalary has-da güýçlendirdi. Emma türkmen häkimiýetleri bu çaklamalary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.

Türkmenistandan öň sebitde häkimiýet atadan-ogla diňe Hazaryň beýleki kenarynda, Azerbaýjanda geçirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG