Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2021-nji ýylda Gyrgyzystanda aýallara garşy 9,800 jenaýat hasaba alyndy


Bezeg suraty

2021-nji ýylda Gyrgyzystanyň hukuk goraýjy guramalary aýal-gyzlara garşy amala aşyrylan 9,800 jenaýat işi boýunça deslapky derňew işlerini açdy.

Baş prokuror Kurmankul Zuluşew bu maglumatlary 9-njy fewralda guran metbugat ýygnagynda yglan etdi.

Onuň sözlerine görä, açylan derňew işleriniň 3996-sy bes edildi, 1728-si bolsa kazyýete geçirildi. Şeýle-de ol bu işleriň 2667 sanysynyň şindi hem derňelýändigini aýtdy.

Hukuk goraýjy guramalaryň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Gyrgyzystanda 9 müň 25 sany maşgala zorlugy hasaba alyndy we olaryň diňe 947-si kazyýete geçirildi.

2020-nji ýylda Gyrgyzystanda maşgaladaky zorluklar netijesinde 21 aýal heläk boldy. Soňky 6 ýylda aýal-gyzlara garşy ulanylan zorluk sebäpli ölen aýallaryň sany ýüzden geçdi.

WPS reýtingi, Aýallaryň parahatçylyk we howpsuzlyk indeksi boýunça Gyrgyzystan Merkezi Aziýa respublikalarynyň arasynda aýallar üçiniň howply ýurt hasaplanýar.

Dünýäniň 170 döwletinde aýal-gyzlaryň ýagdaýyna baha berilýän reýtingde Gyrgyzystan 97-nji ýerde durýar.

Bu sanawyň iň aşaky orunlarynda Owganystan, Siriýa, Ýemen, Pakistan, Yrak we beýlekiler bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG