Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda Halk Maslahatyna taýýarlyk dowam edýär


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanda 11-nji fewralda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dowam edýär. Mary welaýatyndan mejlise gatnaşyjylar we ýaşuly adamlar günüň dowamynda birnäçe gezek repetisiýa geçýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy penşenbe güni Marydan habar berdi.

Döwlet durmuşynda möhüm hasaplanýan syýasy waka üçin mejlise gatnaşyjylar günüň dowamynda birnäçe sagatlap, bellenen tertipde oturmaga mejbur edilýärler. Mejlisde söz sözlemeli edilen adamlar, repetisiýalaryň çäginde, öz çykyşlaryny birnäçe gezek gaýtalamaly bolýarlar. Şeýle-de, taýýarlyklaryň dowamynda döwlet telewideniýesi üçin ýazgy edilýär.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy şu günler her gün diýen ýaly geçirilýän taýýarlyk çäreleriniň mejlise gatnaşyjy ýaşuly adamlar üçin agyr düşýändigini habar berýär.

Döwlet metbugatyna görä, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde, Ahal welaýatyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky “Ruhyýet” köşklerinde, sanly ulgam arkaly geçiriler.

Resmi habarlarda mejlisiň dowamynda ýurduň 30 ýyllyk geljeginiň maslahat ediljekdigi aýdylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 2021-nji ýylyň sentýabrynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen ýurduň kanun çykaryjy ulgamy iki palataly parlament bilen tanyşdy. Parlamentiň ýokarky öýi bolan 56 agzaly Halk Maslahaty we 125 deputatly aşaky palata, Mejlis, Konstitusiýanyň 80-nji maddasyna girizilen goşmaçalara laýyklykda, aýratynlykda maslahat geçirýär. Ýöne, iki palata diňe prezidentiň başlangyjy bilen bilelikde mejlis geçirip bilýär. Bilelikdäki mejlise jemgyýetçilik wekilleri hem gatnaşyp bilýär.

Halk Maslahatynyň 18-nji ýanwarda kabul edilen kararyna görä, anna güni geçiriljek nobatdan daşary mejlis Milli Geňeşiň diňe ýokarky palatasyna, Halk Maslahatyna degişli bolup, onuň taýýarlyk işlerine welaýat häkimlikleri, ministrlikler, Mejlisiň deputatlary we beýlekiler gatnaşýar.

Şu günler Türkmenistanda Halk Maslahatynyň repetisiýalaryna çekilýän ýaşuly adamlar mejlise jemgyýetçilik wekilleri hökmünde gatnaşýan çemeli. Sebäbi, Halk Maslahatynyň 56 agzasynyň ortaça ýaşy 44 töweregi bolup, olaryň iň uly ýaşly agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi bolup durýar.

“Ýaşulylar we maslahata gatnaşyjylar birnäçe sagatlap, repetisiýada oturmaly bolýarlar. Ýaşuly adamlar üçin birnäçe sagat oturmak agyr düşýär. Ýaşulylaryň hal-ýagdaýyna garamazdan, olar mejbury oturmaly bolýarlar” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.

Habarçymyza görä, ilat arasynda işsizlikden we garyplykdan ejir çekýän adamlaryň ençemesi Halk Maslahatynyň mejlisinde iş ýerleriniň açylmagy, karantiniň soňlanmagy, walýutanyň hakyky bahasynyň aşakladylmagy, harytlaryň arzanlamagy, sebitara we halkara herekete girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylmagy ýaly meseleleriň çözgüdine garaşýar.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylaryň arasynda maslahata umyt baglamaýan adamlar hem az däl.

“Her ýygnakda bolşy ýaly, ýene boş gürrüň bolar” diýip, bir maryly Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde umytsyzlyk beýan etdi.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar öňümizdäki mejlisiň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly we orunbasary Serdar Berdimuhamedowa prezidentlik ýolunyň açyljakdygyny çaklaýarlar.

“Serdaryň prezidentlige dalaşgär bolmagyna garaşylýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýan iň uly mesele, prezidentiň saglyk ýagdaýlary sebäpli we wagtynyň dolandygy sebäpli öz orunyny ogluna tabşyrmagy” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

2016-njy ýylda Konstitusiýa girizilen üýtgetmelerden soňra, 2017-nji ýylyň fewralynda ýedi ýyl möhlet bilen üçünji gezek prezident wezipesine saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedowyň dowam edýän prezidentlik möhleti 2024-nji ýylda tamamlanýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde Halk Maslahatynyň başlygy bolup durýar. Konstitusiýa prezidente kanun çykaryjy ulgamyň ýokarky palatasyna başlyklyk etmegi gadagan edýär.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Halk Maslahatyna gatnaşjak raýatlaryň, ýaşulylaryň, medeniýet işgärleriniň we deputatlaryň 10-njy ýanwarda paýtagtyň "Aşgabat" myhmanhanasynda karantine ýerleşdirilendiklerini habar berdi. Habarçy 20 günüň dowamynda karantindäki adamlardan 10 töweregi ýaşulynyň ýarawsyzlyk zerarly öýlerine ugradylandyklaryny, endamynyň temperaturasy 39 gradusdan aşan deputatlardan 20 töweregi adamyň keselhana ýerleşdirilendigini habar berdi. Mary welaýatyndaky habarçymyz hem maslahata gatnaşyjylary karantin astyna almak işleriniň giň gerimde alnyp barlandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG