Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýurdy dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýändigini aýdýar


Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde söz sözleýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde söz sözleýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýändigini aýdyp, özüniň bolsa durmuş hem-de syýasy tejribesini Halk Maslahatynyň başlyklygyna gönükdirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Berdimuhamedow 11-nji fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde söz sözledi:

“Siziň bilşiňiz ýaly, 15 ýyl mundan ozal, 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilipdi. Şol saýlawlarda mähriban halkymyz örän uly ynam bildirip, meni döwletimiziň iň ýokary wezipesine saýlady” diýip, TDH prezidentiň sözlerini sitirledi.

“Men Türkmenistanyň prezidentiniň ýokary we örän jogapkärli wezipesinde indi 15 ýyl bäri işläp gelýärin” diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol özüniň şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň başlygy, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Halk Maslahatynyň başlygy wezipelerini ýerine ýetirýändigini belledi.

“Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym. Bu gün bolsa özüm babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigimi beýan edip, ony siziň bilen maslahatlaşmak isleýärin. Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin. Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin” diýip, prezident ýokarky palatanyň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Berdimuhamedowyň döwlet dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek barada aýdan sözleri, wise-premýer we prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň syýasy sahnasynda öňe saýlanyp, synçylaryň Türkmenistanda mirasdüşerlik barada öňden bäri dowam edýän çaklamalarynyň ýygjamlaşýan wagtyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG