Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Doýçe Welle: Nazarbaýewiň ortanjy gyzynyň we onuň adamsynyň Germaniýada uly mülki bar


Timur Kulibaýew

Öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň gyzy Dinara, onuň adamsy Timur Kulibaýew we olar bilen baglanyşykly kompaniýalar Germaniňýanyň Zeelah mülk ýerinde 100 million ýewro bahasy bolan emläge, willa we iki myhmanhana eýeçilik edýär. Emma Nazarbaýew maşgalasynyň hiç biri bu ýerde ýaşamady diýip, DW ýazýar.

Neşiriň maglumatyna görä, XIX asyra degişli Zeelah mülki meşhur rus diplomaty, ýaşyryn geňeşçi Mihail Hreptowiçiň tomus aýlarynda dynç alýan ýeri bolupdyr.

Mülküň gazagystanly eýeleri bu jaýlary on ýyla golaý wagt bäri täzeden gurýar we enjamlaşdyrýar, olaryň gurluşygy bary-ýogy iki ýyl ozal tamamlandy. Bir müň inedördül meýdana golaý ýeri tutýan mülkde çüwdürimli seýilgäh bar. 25 metrlik howuzyň üstündäki aýna gümmezi bolsa hatda kosmosdan düşürilen suratlarda-da görmek bolýar.

Žurnalistler Germaniýanyň hasaba alyş kompaniýalarynyň sanawyna salgylanyp, bu mülkdäki desganyň bahasynyň 60 million ýewro ýetendigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG