Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ençeme döwlet, Russiýanyň hüjüm etmek howpunyň arasynda, öz raýatlaryny Ukrainadan çykmaga çagyrdy


ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasy

Dünýäniň birnäçe ýurdy öz raýatlaryny Ukrainany terk etmäge çagyrdy. Bu Günbatar güýçleriniň Moskwanyň ýakynda özüniň günbatar goňşusyna çozup biljekdigi baradaky duýduryşlarynyň fonunda bolup geçýär.

Öz raýatlaryny Ukrainany terk etmäge çagyran ýurtlaryň arasynda ABŞ, Britaniýa we Germaniýa dagy hem bar.

13-nji fewralda Awstraliýa Kiýewdäki ilçihanasynyň işini togtatýandygyny mälim etdi.

Reuters Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümindäki ABŞ wekilleriniň 13-nji fewralda Ukrainanyň gündogaryndaky, Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçilik edýän, sebitlerinden çykarylyp başlandygyny habar berdi. ÝHHG bu maglumat boýunça kommentariýa bermedi.

Bu ýagdaýlar Birleşen Ştatlaryň we Fransiýanyň liderleriniň rus prezidenti Wladimir Putiniň yza çekilmegi boýunça eden tagallalarynyň uly netije bermäninden soň emele geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG