Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II ortanjy ogly şazada Endrýu Wirjiniýa Jüfreýiň (Virginia Giuffre) eden beýanatyndan soň, ABŞ-da özüne garşy bildirilýän jynsy zorluk aýyplamasyny kazyýetden daşary ýagdaýda ýatyrdy.
Kazyýetiň resminamalaryna görä, şazada Jüfreýiň peýdasyna “düýpli möçberde serişde” harçlady diýip, BBC habar berýär.
Amerikan zenany iňlis şazadasyny jynsy zorlukda aýyplady. Jüfreýiň sözlerine görä, amerikan telekeçisi Jeffri Epşteýniň kömegi bilen, heniz kämillik ýaşyna ýetmänkä, ol onuň bilen jynsy gatnaşykda bolupdyr.
Şazada Endrýu bu aýyplamalary birnäçe gezek ret etdi. Ýylyň başynda ol harby atlaryndan we şazadalyk borçnamalaryndan el çekdi.
Bu onuň aklawçylary ABŞ-daky prosesi togtatmagy başarmansoň edilen iş boldy. 2019-njy ýylda şazada Jüfreý meselesi sebäpli şa maşgalasynyň agzasy bolmakdan çekildi.
Jeffri Epşteýn ABŞ-da kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jyns söwdasynda aýyplandy. Resmi maglumata görä, ol 2019-njy ýylyň awgust aýynda Nýu-Ýork türmesinde özüni öldürdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.