Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ykdysady azatlyk boýunça 165-nji ýurt boldy


Çörek alyp gelýän oglan, fewral, 2022.
Çörek alyp gelýän oglan, fewral, 2022.

Dünýä ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady azatlyk görkezijisiniň täze hasabatynda Türkmenistan ykdysady azatlygy boýunça 46,2 dereje aldy. Bu Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2022-nji ýyldaky görkezijide 165-nji orunda durýandygyny aňladýar. Synçylar Türkmenistanyň soňky ýyllarda iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýändigini aýdýarlar, emma hökümet mejlislerinde krizis we çökgünlik sözleri asla agzalmaýar.

Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki 39 ýurduň arasynda 38-nji ýerde durýar we bu ýurduň umumy görkezijisi sebitdäki we dünýädäki ortaça görkezijilerden has has pes bolup durýar.

Soňky bäş ýylyň dowamynda, 2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli aralykda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi güýçlendi, 2020-nji ýylda bolsa düýpli haýallady we 2021-nji ýylda gaýtadan özüne geldi diýip, hasabata aýdylýar.

Anemiki ykdysady azatlygyň bäş ýyllyk tendensiýasy dowam edýär. Zähmet azatlygy we maýa goýum azatlygy boýunça alan bahalarynyň az-kem ýokarlanmagy bilen, Türkmenistan 2017-nji ýyldan bäri ykdysady azatlyk boýunça 1,2 ballyk umumy ýitgisini hasaba aldy we dünýäniň iň “repressiw” ýurtlarynyň hataryna girýär.

Şeýle-de hasabatda, berk awtoritar ykdysadyýetde hökümet çykdajylaryny we salgyt harajatlaryny deňeşdirmegiň manysyzdygy we indeksdäki iň pes görkezijileriň arasynda başga-da birnäçe görkezijiniň bardygy bellenýär.

Mundan başga, COVID-19-yň ykdysady täsiri baradaky maglumata derek, 2021-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda pandemiýa sebäpli ölenleriň sany barada maglumatyň ýokdugy, hökümetiň bu krizise garşy alyp barýan işleri boýunça 37-nji orny eýeländigi, ykdysadyýetiň 2020-nji ýylda bary-ýogy 0,8 göterim ösendigi aýdylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 3-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin çökgünlige garşy maksatnamasyny tassyklady.

Bu karar ýurduň paýtagtynda we sebitlerde ýaşaýjylaryň towuk eti, ýumurtga ýaly azyk önümlerini almak üçin uzyn nobatlara durýan wagtynda kabul edildi.

TDH, 'krizis ýa çşkgünlik' sözlerini agzaman, Türkmenistanyň prezidentiniň gol çeken kararyna laýyklykda, “dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin” degişli maksatnamanyň tassyklanylandygyny habar berdi.

Bütindünýä banky Türkmenistany şu ýylyň ýanwarynda tapgyr ikinji gezek “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatyndan çykardy.

Azatlygyň geçen ýylda habar berşi ýaly, Bütindünýä banky “Global ykdysady perspektiwalar” atly soňky hasabatynda, ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Türkmenistany hasabatdan çykardy.

“Esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistan we Wenesuella boýunça ykdysady önüm, girdeji ýa-da ösüş maglumatlaryny çap etmeýär. Türkmenistan we Wenesuella makroykdysady agregatlardan aýrylýar” diýip, hasabat aýdýar.

Ýatlasak, mundan ozal, Halkara walýuta fondy hem aprelde türkmen hökümetiniň resmi statistiki sanlaryny ulanmagy bes etdi. Pul gaznasy “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş perspektiwalary” atly soňky hasabatynda, JIÖ ösüş derejesi boýunça, Türkmenistanyň hödürleýän sanlaryny ulanmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG