Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistan nusgawy kleptokratiýa". "Crude Accountability" türkmen režiminiň esasy meselelerini görkezdi


"Crude Accountability" guramasynyň 2021 ýyl boýunça hasabaty
"Crude Accountability" guramasynyň 2021 ýyl boýunça hasabaty

Türkmenistan göreldeli kleptokratiýa bolup, döwletiň girdejileri talanýar we ýurduň prezidenti ägirt uly we peýdasyz proýektlere milliardlarça dollar harçlaýar. Bu netije "Crude Accountability" halkara guramasynyň Türkmenistan baradaky täze hasabatynda öňe sürülýär. Hasabatda ýurtdaky häzirki agyr ykdysady krizisiň maliýe serişdeleriniň näderejede manysyz ulanylandygyny subut edýändigi bellenýär.

Hasabatyň awtorlary, dünýäniň iň düşnüksiz ykdysadyýetli ýurdunyň, prezident Berdimuhamedowyň döwründe hasam ýapylandygyny belleýärler.

Berdimuhamedow nebit-gaz pudagyny üýtgedip, öz-özüne garaşly etdi: Uglewodorod baýlyklaryny dolandyrmak we ulanmak boýunça döwlet gullugyny ýatyrdy we aç-açan bolmadyk NAPEKO atly döwlet kompaniýasyny döretdi, onuň işi, girdejisi, çykdajylary we gurluşynyň düzümi barada hiç hili maglumat çap edilmeýär diýlip, hasabatda bellenýär.

Prezidentiň maşgalasy ýurduň esasy biznes gurluşlaryna gözegçilik edýär.
Bu işe gözegçilik prezidentiň bäş uýasynyň, esasanam uly gyz dogany Durdynabadyň adamsy Annanazar Rejepowyň we ogullary Şamyradyň we Hajymyrat Rejepowlaryň elinde. Berdimuhamedowyň ogly Serdar geljekde kakasynyň ornuny almaga taýynlanýar diýlip, hasabatda bellenýär.

Prezidentiň maşgalasynyň daşynda ýurtdaky iň täsirli adam, Nyýazow ölenden soň wezipesini dowam etdiren prezidentiň geňeşçisi Wiktor Hramowdyr. Berdimuhamedowyň nebit-gaz boýunça geňeşçisi "Areti" (öňki "Itera") kompaniýasynyň başlygy Igor Makarow hem prezidentiň ýakyn ýarany hasaplanýar we oňa maliýe meselelerinde kömek edýär diýlip, "Crude Accountability" guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

Şeýle hem, Aretiniň metbugat gullugy Igor Makarowyň prezident Berdymuhamedow bilen gatnaşygy barada beýanat bilen Azatlyk Radiosyna ýüz tutdy.

"Jenap Makarow Türkmenistanyň prezidentiniň geňeşçisi däl we hiç haçanam geňeşçi bolmady. 2019-njy ýylda jenap Makarow Ýagşygeldy Kakaewiň Türkmenistanyň prezidentiniň nebit we gaz meseleleri boýunça geňeşçisi bolan döwründe hünärmen-bilermen hökmünde bellendi. Bu bellenme, türkmen döwlet metbugatynda giňden beýan edildi, jenap Makarow 2020-nji ýylda jenap Kakaew ölýänçä, Türkmenistanyň prezidentiniň nebit-gaz geňeşçisiniň ýanyndaky hünärmen bolup işledi. Soň bu wezipe ýatyryldy" diýlip, "Areti" kompaniýasynyň metbugat gullugynyň başlygy Georgiý Kremenskiniň hatynda aýdylýar.

Şeýle-de, Kremenskiý "jenap Makarowyň hamala "Türkmenistanyň prezidentine maliýe meselelerinde kömek edýändigi" baradaky pikir barada aýdylanda bolsa, bu düýbünden hakykata gabat gelmeýär" diýip, Azatlyk Radiosyna ugradan hatynda aýdýar.

75 ýaşly Wiktor Hramow barada maglumatlarynyň gaty azdygyny bellemeli. Mälim bolşuna göre, ol Türkmen SSR döwründen bäri hökümetde "perdäniň aňyrsynda" wezipeleri eýeledi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji prezident Saparmyrat Niýazowyň ýakyn töwereginiň agzasy we şahsyýet kultynyň esasy döredijisi hökmünde tanalýar. Niýazow ölenden soň, Hramow häkimiýete gelen prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geňeşçisi wezipesini dowam etdirdi. Azatlyk, Hramowyň soňky ýyllarda Berdymuhamedowyň hökümetinde nähili rol oýnandygyny anyklap bilmedi.

Şeýle-de, hasabatda türkmen režiminiň esasy aýratynlyklarynyň arasynda ygtybarly ykdysady maglumatlaryň, maliýe ulgamynda we eksport girdejilerinde aç-açanlygyň ýokdugy, repressiýalar, ne söz azatlygyna, ne-de syýasy plýuralizme ýol berilýändigi bellenýär.

Döwlet ykdysady ösüş, milli býujet, nebit we gaz girdejileri we Türkmenistanyň walýuta ätiýaçlyklary barada ygtybarly maglumatlary çap etmeýär.

Halkara maliýe guramalarynyň maglumatlaryna seredilende, 2015-nji ýylda Türkmenistanda takmynan 35 milliard dollar walýuta ätiýaçlygy bardy. Şu günki gün ýurtdaky agyr ykdysady krizis bu serişdeleriň paýhasly ulanylmandygyny görkezýär we olaryň näçesiniň galandygy belli däl diýlip, hasabatda bellenýär.

Türkmenistan girdejileriniň esasy bölegini Hytaýa edýän gaz eksportyndan alýar. Şeýle-de bolsa, geljekde Hytaýda gaza bolan islegiň nähili boljakdygy şübheli. Türkmenistan nebit we gaz eksportynyň paýyny azaltmak arkaly ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmese, ýurduň ykdysadyýeti uly howp astynda bolar.

Türkmenistanyň gaz eksportyndan alýan girdejileriniň köpüsi Frankfurtda ýerleşýän “Deuche Bank” -daky hökümet hasabyna gidýär. "Deuche Bank", dünýädäki iň erbet syýasy režimleriniň biriniň baş bankiri wezipesini adam hukuklary we korrupsiýa garşy kampaniýalar bilen ara alyp maslahatlaşmakdan yzygiderli ýüz öwürýär diýlip hasabatda aýdylýar.

Korrupsiýa we režimiň repressiwdigine garamazdan, köp kompaniýalar henizem Türkmenistanda söwda etmäge synanyşýarlar.
Olardan iň öňdebaryjy "Polimeks", "Bouygues", "Calik Holding", "Itera"/"Areti" - prezident bilen ýakyn gatnaşyklar sebäpli üstünlik gazandy diýlip, "Crude Accountability" guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

Ýatlatsak, 2018-nji ýylda türk polimeks kompaniýasy kynçylyklara sezewar boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoň, Türkmenistandaky iň uly daşary ýurt gurluşyk kompaniýasyna öwrülen bu kompaniýa ýurtdan çykaryldy we ol özüne 800 million dollar tölenmändigini öňe sürdi.

Şeýle-de, hasabatda syýasy repressiýalar we olaryň pidalary barada aýdylyp, "Azyndan 95 adam, köpüsi öňki wezipeli adamlar, daşarky dünýä bilen aragatnaşyk saklamazdan türkmen türmelerinde saklanýar.
Hasabatda olaryň diridigi ýa-da däldigi belli däl" diýilýär.

Hasabatyň awtorlary Türkmenistan - göreldeli kleptokratiýa bolup, Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty ondan öňki Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultyndan pes däl we ähli zady başarýan döwlet howpsuzlyk gullugy başgaça pikirlileriň, söz azatlygynyň we syýasy plýuralizmiň başlangyçlaryny basyp ýatyrýar diýen netijä gelýärler.

Turkmenistanly synçy Serdar Aýtakow hasabatdaky maglumatlaryň Türkmenistanda korrupsiýanyň gerimini anyk deliller bilen görkezýändigini belleýär.

"Öň il içinde diňe aşhanalarda we myş-myş görnüşinde gürrüň edilen zatlar hakda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu jikme-jiklikler geň galdyryjy. Korrumpirlenen gurluş türkmen ykdysadyýetiniň iň girdejili pudaklarynyň müçesini gysyp aldy, krizis döwrüniň ähli ýüklerini ýönekeý halkyň egnine atdy. Adamlaryň ähliumumy abadançylygy we döwletiň kuwwaty baradaky şygarlaryň arkasynda gizlenýän türkmen häkimiýetleri, has dogrusy, prezident Berdimuhamedow ilki bilen öz töwerek-daşy, has takygy öz garyndaşlary üçin girdeji çeşmesini guramalaşdyrdy" diýip, synçy Aýtakow aýdýar.

Bilermen türkmen jemgyýeti üçin häkimiýetde bolup geçýän ýagdaýlardan habarly bolmadygyň diýseň möhümdigini belleýär.

"Parahor emeldarlar tarapyndan alnan pullar Türkmenistanyň halkyna degişlidir. Ogurlanan pullar - pensiýa, aýlyk, durmuş ýeňillikleri, lukmançylyk we bilim, şäheri abadanlaşdyrmak ýaly zatlardyr. Jemgyýetiň munuň arkasynda duranlary bilmegi möhümdir" diýip, Serdar Aýtakow aýdýar.

Gaza baý Türkmenistanda soňky dört ýylda hasam agyrlaşan ykdysady krizis zerarly ilatyň esli bölegi garyplyga uçrady, halk köpçüligi azyk ýetmezçiligine duçar boldy, maliýe krizis adamlary öz aýlyklaryny almakda kösençlige sezewar etdi, häkimiýetleriň emeli gadagançylyklary we koronawirus pandemiýasy ilatyň esli bölegini işsiz galdyrdy we gazanç üçin ýurduň daşyna gitmek mümkinçiliginden mahrum etdi.

Türkmenistan ýyllarboýy halkara guramalarynyň hasabatlarynda dünýäniň iň korrumpirlenen döwletleriniň hatarynda agzalýar. Türkmen resmileri ýurda halkara derejesinde berilýän bu bahalara şu çaka çenli resmi taýdan reaksiýa görkezmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG