Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Balkanda we Lebapda Serdar Berdimuhamedowyň wagzy başlandy


Serdar Berdimuhamedow. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat

Türkmenistanyň Balkan we Lebap welaýatlarynyň edara-kärhanalarynda döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlige dalaş edýän ogly Serdar Berdimuhamedowyň propagandasy başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysy we Lebapdaky çeşmeleri habar berýärler.

Balkandaky habarçymyzyň maglumatyna görä, şu günler Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerindäki, şeýle-de Serdar etrabyndaky hassahanalarda, mekdeplerde we banklarda ýygnaklar geçirilýär.

Habarçymyzyň bilen söhbetdeş bolan saglyk, bilim we bank işgärleriniň ençemesiniň sözlerine görä, bu ýygnaklarda edara ýolbaşçylary 12-nji martda geçiriljek irki saýlawlarda prezidentiň ogly "Serdar Berdimuhamedowy goldamagyň hökmanydygyny aýdýarlar".

"Olar "Berkarar we bagtyýar zamana üçin Arkadaga minnetdar bolmalydyrys" diýip, "Beýik Arkadagyň ogly hem akylly we halkyň aladasyny edýän ýolbaşçy bolýar" diýýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran balkanly býujet işgäri 16-njy fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonim şertde söhbetdeş bolan lebaply ene-atalaryň we býujet işgärleriniň birnäçesi hem, şu hili çykyşlaryň diňe edara-kärhanalarda däl, eýse mekdeplerde hem edilýändigini gürrüň berdi.

"Mekdeplerde Serdar Berdimuhamedow taryplanýan bolsa, edara-kärhanalarda ony goldamaga çagyryş edilýär. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň öz işgärleri bilen geçirýän ýygnaklarynda "goldawlarymyzyň ählisi Serdar Berdimuhamedowa gönükdirilmeli" diýip, aç-açan aýdylýar. Bu ýygnaklar 14-nji fewralda geçirilip başlandy" diýip, lebaply býujet işgäri gürrüň berdi.

Lebabyň mekdeplerinde Serdar Berdimuhamedowy taryplamaga gönükdirilen çykyşlar barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri hem habar berdi. Neşir 16-njy fewralda çap eden habarynda mekdep mugallymlarynyň okuwçylara Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikleri barada gürrüň bermäge borçly edilendigini aýtdy.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada Balkan we Lebap welaýat häkimliklerinden, şeýle-de, olaryň saglygy goraýyş we bilim bölümlerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

64 ýaşly prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde işden çekilmek niýetini mälim edensoň, 13-nji fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar ýurtda saýlaw kampaniýalaryna badalga berdi.

Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda Türkmenistanyň Demokratiki partiýasy tarapyndan prezidentlige dalaşgär hökmünde hödürlendi. Onuň dalaşgärligi ýurtda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar tarapyndan 15-nji fewralda bellige alyndy.

Soňky birnäçe ýylda Türkmenistanda häkimiýetiň prezidentden onuň ogluna geçiriljekdigi baradaky çaklamalar dyngysyz öňe sürüldi.

40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow prezidentiň ýeke-täk ogly bolup, ol geçen ýyl ýurduň maliýe we ykdysadyýet pudagy boýunça wise-premýer wezipesine bellenilmezden ozal, soňky birnäçe ýylyň içinde, yzly-yzyna ýokary wezipelere bellenildi.

Häzirki wagtda onuň prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba alnan ýeke-täk garşydaşy bolup, ol 15-nji fewralda Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan hödürlendi. Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň prezidentlige dalaşgärligi Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar tarapyndan 16-njy fewralda bellige alyndy.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dolandyrylyşynda syýasy küpdürlüligiň we köppartiýalylygyň höküm sürýändigini aýdýarlar. Olar bu öňe sürmesini ýurtda 2012-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we 2014-nji ýylda Agrar partiýasynyň hasaba alynmagy bilen delillendirýärler. Ýöne synçylar ýurtda esasy azatlyklaryň berk çäklendirilýändigini belläp, bu tagallalaryň ýurtda syýasy plýuralizm döredip bilmändigini we ýurtda hasaba alnan hakyky oppozisiýa partiýasynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Soňky günlerde Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi irki saýlawlary "häkimiýetleriň ýurtdaky prezident çalşygynyň açyklyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasyndaky saýlawlar bilen geçirilýändigini aýtmak üçin edýän göz boýagçylyklary" diýip häsiýetlendirýär. Şeýle-de, olar bu saýlawlary "Serdaryň saýlawy" atlandyrýarlar.

"Adamlar saýlawlardan soň ýagdaýyň gowulaşmagyna umyt baglamaýarlar, hatda ykdysady we "güýç" ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyndan gorkýarlar. Olar "Doýmaýan uýalar we ýegenler heniz hem hemme ýerde höküm sürýärler" diýýärler" diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy anonim şertde beren maglumatynda aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG