Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň metbugat jemgyýeti söz azatlygyna we raýat hukuklaryna howp abanýandygyny aýdýar


Gyrgyzystanyň metbugat pudagynyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri ýurtdaky söz azatlygynyň we raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň ýene-de howp astyna düşendigini aýtdylar.

Metbugat jemgyýeti köpçülikleýin habar serişdeleriniň we täjirçilik bilen meşgullanmaýan guramalaryň hüjüm astyndadygyny belläp, “Temirow Live” YouTube kanalyny esaslandyryjynyň we Kaktus.media web sahypasynyň redaksiýasyna garşy gozgalan jenaýat işlerini, metbugat edaralarynyň ýanynda daşary ýurt agentleri baradaky kanunyň kabul edilmegine çagyryp guralýan mitingleri mysal hökmünde görkezdi diýip, Azatlygyň Gyrgyz gullugy habar berýär.

“Hukuk goraýjy edaralar biziň gözümiziň alnynda jezalandyryjy guramalara öwrülýär, döwlet tagallalary bolsa kanunlary berjaý edýän raýatlaryň garşysyna gönükdirilýär. Garaşsyz metbugaty we jemgyýetçilik guramalaryny jylawlamak, Gyrgyzystanda söz azatlygyny basyp ýatyrmak synanyşygy bilen, ýokary wezipeli emeldarlar we syýasatçylar kanunçylyk ölçegleriniň, Konstitusiýanyň, kodeksleriň we kanunlaryň äsgermezlik edilmegine, gödek bozulmagyna ýol berýärler” diýip, beýanatda aýdylýar.

Beýantyň awtorlary žurnalistleriň we adam hukuklaryny goraýjylaryň yzarlanmagynyň bes edilmegini, hukuk goraýjy edaralaryň kanun çäginden çykýan hereketleriniň derňelmegini, şeýle-de parlamentde daşary ýurt agentleri barada kanun kabul etmek barada edilýän tagallalary togtatmagy talap etdiler.

“Temirow LIVE” kanalyny esaslandyryjy Bolot Temirow we akyn Bolot Nazarow 22-nji ýanwarda saklandy, olar 23-nji ýanwarda, žurnalistler, aktiwistler we akynlar toplanyp, boşadylmagyny talap edenlerinden soň öý tussaglygyna geçirildi. Bolot bikanun neşe saklamakda güman edilýär.

Biraz soň Azattyk radiosy, OCCRP we Kloop Bolot Temirowyň toparynyň yzarlanyşy we olara şantaž edilişi boýunça bilelikde geçirilen derňewiň netijelerini çap etdi.

XS
SM
MD
LG