Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystan Orsýetden migrant kynçylyklary meselesini çözmegi soraýar


Moskwadaky Gyrgyz ilçihanasy

Gyrgyzystanyň Russiýadaky ilçihanasy Russiýada täze migrasiýa düzgünleri güýje girenden soň, bu ýurduň Daşary işler ministrligine nota, resmi hat iberendigini aýdýar. Orsýetiň täze migrasiýa düzgünleri ýurda gelýän migrantlaryň saglyk barlagyndan geçirilmegini we olaryň barmak yzlarynyň alynmagyny nazarda tutýar.

Metbugat gullugynyň habarynda aýdylmagyna görä, uzyn nobatlar sebäpli, Moskwada we Moskwa sebitinde talap edilýän düzgünleri berjaý etmek kyn düşýär.

“Russiýanyň Daşary işler ministrligine iberilen hatda saglyk barlagyndan geçirmek, barmak yzlaryny almak we surata düşürmek üçin, ÝAYB-ne agza bolup durýan döwletleriň raýatlaryna Orsýetiň ygtyýarly edaralarynda, şol sanda Saharowo migrasiýa merkezinde aýratyn koridor açmaga ýardam berilmegi soralýar” diýip, ilçihana habar berdi.

2021-nji ýylyň 29-njy dekabryndan başlap, işlemek üçin Russiýa girýän daşary ýurt raýatlary 30 günüň içinde saglyk barlagyndan geçmeli, şeýle-de olardan döwletiň barmak yzlaryny hasaba aldyrmak we surata düşmek talaplaryny berjaý etmek soralýar.

Saglyk barlagynyň çäginde daşary ýurtlularyň neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalaryny ulanyp-ulanmaýandygy, ýokanç keselleriniň bardygy ýa ýokdugy barlanýar.

Gyrgyz mejlisiniň deputatlary biraz öň gyrgyz migrantlarynyň Russiýada bolmagynyň düzgünleri baradaky meseläni gozgap, ony döwlet baştutanlarynyň derejesinde ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG