Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ministri prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlygy ÝHHG bilen maslahatlaşdy


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili R.Kastberg bilen duşuşdy diýip, Türkmen DIM-niň web sahypasy 17-nji fewralda habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Aşgabadyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy, Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu Guramanyň agza-ýurtlaryna saýlaw işlerinde ýardam bermek tejribelerini nazarda tutup, türkmen tarapynyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň görnüşlerine seredip geçdiler diýip, habarda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG