Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezidentlige dalaş etjek ýene iki kandidat hasaba alyndy, ikisi-de hödürlendi


Prezidentlik saýlawlaryna hasaba alnan dalaşgärler (ýokardan çepden saga) Serdar Berdimuhamedow, Agajan Bekmyradow, (aşakdan çepden saga) Berdymämmet Gurbanow, Perhat Begenjow.

TDH-nyň 19-njy fewralda çap eden maglumatyna görä, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta-hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow 12-nji martda geçiriljek irki prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alynypdyr.

Ýurduň syýasy durmuşynda ozal ady eşidilmedik bu kandidatlar raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgär hökmünde hödürlendi.

17-nji fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar prezident saýlawlary boýunça dalaşgär hödürleýän raýatlaryň teklipçi toparlarynyň 6-synyň hasaba alnandygyny we olaryň eýýäm gollary ýygnamak işlerine başlandyklaryny habar beripdi. Dalaşgärleriň hasaba alynmagy üçin, teklipçi toparlarynyň öz kandidatlary üçin ýurt raýatlarynyň 10 müň goluny toplamagy gerekdir.

Mundan öň, 12-nji fewralda köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýda yglan edilen irki prezidentlik saýlawlaryna ýurduň Demokratik partiýasyndan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow, şeýle-de ýurduň Agrar partiýasyndan Agajan Bekmyradow hasaba alyndy. Soňky ýyllarda syýasy basgançaklaryndan uly tizlik bilen ýokary çykarylan Serdar Berdimuhamedowyň bu saýlawlarda aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.

Bu aralykda, hökümetçi ýarym-resmi inernet neşirleriniň maglumatyna görä, prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew, şeýle-de Mary welaýatynyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew hem prezidentlige dalaşgär hökmünde hödürlenipdir. Bellesek, bularyň hem atlary ozal ýurduň syýasy durmuşynda eşidilimändi.

Maksatmyrat Öwezgeldiýew (çepde) we Kakageldi Saryýew
Maksatmyrat Öwezgeldiýew (çepde) we Kakageldi Saryýew

Şol bir wagtda, daşary ýurtlardaky türkmenler hem saýlawlara gatnaşmak islegini yglan edýärler.

19-njy fewralda eýýäm ençeme ýyldan bäri Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Ahmet Rahmanow özüniň sosial ulgamlarynda çykyş edip, öňümizdäki aý geçirilmeli prezidentlik saýlawlaryna öz kandidaturasyny hödürleýändigini yglan edi.

Ahmet Rahmanow
Ahmet Rahmanow

Ol özüniň YouTube kanalynda rusça eden çykyşynda özüniň prezident saýlanan ýagdaýynda haýsy wezipeleri amala aşyrjakdygy barada durup geçip, şol sanda söz, metbugat, internet azatlygyny ýola goýjakdygyny, möhleti geçen daşary ýurt pasportlarynyň möhletiniň uzaldyljakdygyny we ýollaryň açylmagyny gazanjakdygyny aýtdy.

Mundan öň, “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň lideri Myrat Gurbanow, ozalky türkmen resmisi we syýasy tussagy Geldi Kärizow we türkmen aktiwisti Nurmuhammet Annaýew hem saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleglerini mälim etdiler.

Daşary ýurtlardan özlerini dalaşgär hökmünde hödürlänler Türkmenistanda prezidentlik wezipesiniň atadan ogla geçmegine gönüden-göni ýol açýan häzirki saýlaw kampaniýasyndan nägileligini bildirýärler we agyr syýasy-ykdysady krizisdäki ýurduň geljekki 7 ýyl üçin täze ýolbaşçysyny saýlamaga alternatiwa ýol berilmegini talap edýärler.

Bellemeli ýeri, öz kandidaturalaryny hödürleýän bu dalaşgärler eýýäm ençeme ýyldan bäri dünýäniň iň bir repressiw režimli ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň daşynda ýaşaýarlar. Türkmenistanyň öz içinde hökümete garşy tankydy pikirlere ýol berilmeýändigini we teswirleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň režimini sähel bolsa-da tankytlaýan ýaly hasaplanýan adamlaryň dessine sem edilýändigini hem nygtap geçýäris.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň prezidentligine Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty saýlanyp bilinýär.

Öz kandidaturasyny hödürlänleriň biri, Türkiýedäki “Oguzlaryň bilim we medeniýet boýunça hyzmatdaşlyk jemgyýeti” guramasynyň ýolbaşçysy Nurmuhammet Annaýew türkmen häkimiýetleriniň özleriniň ýurduň Baş kanuny dowamly bozýandyklaryny, şeýle-de oňa diňe özlerine gerek wagty, saýlama ýagdaýda ýüz tutýandyklaryny aýdýar.

“[Prezident] Gurbanguly Berdimuhamedowyň dalaşgär bolup oturan ogly Serdaryň kandidaturasy hem [ýurduň Konstitusiýasyna] gabat gelenok. Sebäbi onuň özem, soňky 15 ýylyň dowamynda daşary ýurtlarda boldy, işledi. Eger-de [türkmen häkimiýetleri] oppozisiýadan, halkyň içinden birini kabul etmejek bolsalar, bu saýlawyň demokratik esaslara gabat gelýändigini aýdyp bolmaýar” diýip, Annaýew 21-nji fewralda Azatlyga gürrüň berdi.

Şu wagta çenli dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda geçirilen hiç bir saýlaw abraýly halkara synçylar tarapyndan “erkin we adalatly” hasaplanmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG