Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň daşyndaky türkmenler prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýärler


Çepden saga: Geldi Kärizow, Myrat Gurbanow, Nurmuhammet Annaýew
Çepden saga: Geldi Kärizow, Myrat Gurbanow, Nurmuhammet Annaýew

Türkmenistanda gyssagly prezidentlik saýlawlaryna resmi taýýarlyk görülýän wagtynda, daşary ýurtlardaky türkmenler saýlawlara gatnaşmak islegini yglan edýärler. Özlerini dalaşgär hökmünde hödürlänler Türkmenistanda prezidentlik wezipesiniň atadan ogla geçmegine gönüden-göni ýol açýan häzirki saýlaw kampaniýasyndan nägileligini bildirýärler we agyr syýasy-ykdysady krizisdäki ýurduň geljekki 7 ýyl üçin täze ýolbaşçysyny saýlamaga alternatiwa ýol berilmegini talap edýärler.

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek möhletden irki saýlawlara şu günki güne çenli iki sany dalaşgär resmi hasaba alyndy.

Prezidentlik saýlawlaryny gysga wagtyň içinde geçirmek kararyny yglan eden Merkezi saýlaw komissiýasynyň resmi hasabyna ýurduň baş wezipesine kandidat hökmünde ilki häzirki prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow alyndy. Soňra ikinji dalaşgär hökmünde Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň resmi hasaba alnandygy yglan edildi.

Türkmenistanyň resmileriniň saýlawlaryň kanuna laýyklykda, demokratik görnüşde we alternatiwa esasynda geçiriljekdigini aýdýarka, ýurduň daşynda ýaşaýan türkmen raýatlary Türkmenistanyň baştutany wezipesine dalaş etmäge taýýarlyk bildirdiler.

“Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa topary ýurduň daşynda prezidentlige dalaşgär hödürläp, onlaýn ses berişlik esasynda alternatiw saýlawlary geçirmegi planlaşdyrýandygyny 14-nji fewralda Azatlyk Radiosyna habar berdi. Şol gün toparyň YouTube kanalynda lideri Myrat Gurbanowy dalaşgär hödürlenýändigi habar berildi. Myrat Gurbanow "Erkin Türkmenistan" gurmasynyň adyndan demokratik oppozisiýasynyň kandidaty hökmünde hödürlendi.

Myrat Gurbanow Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň öňe sürýän düzgünlerini gysga wagtda berjaý etmegiň mümkin däldigine ünsi çekýär we ýurduň daşynda internet üsti bilen alternatiw saýlawlary geçirmek planyny mälim edýär.

2005-nji ýyldan bäri Fransiýada ýaşaýan Myrat Gurbanow 2020-nji ýylda dürli ýurtlardaky pikirdeşler topary bilen bilelikde "Türkmenistanyň Demokratik Saýlawy" atly milli demokratik hereketi döretdi we Türkmenistandaky problemalary ünsi çekmek boýunça protest çykyşlarynyň ençemesini gurady.

Çehiýada ýaşaýan öňki türkmen resmisi we syýasy tussagy Geldi Kärizow prezident Berdimuhamedowyň oglunyň prezidentlige kandidat hödürlenenden soň özüniň hem saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýändigini mälim etdi. Gurbanguly Berdimuhamedowy we onuň maşgala agzalarynyň adyna ýiti tankytlary bilen tanalýan Kärizow YouTube kanalynda eden çykyşynda energiýa baý ýurduň awtoritar lideriniň ýurdy "öz nesillerine faraonyň mirasdüşeri ýaly dinastiýa görnüşinde dolandyrmaga" bermegine garşy çykýandygyny aýtdy.

"Millet birleşmeli. Bu diktatorlyga we zuluma garşy ähli taraplaýyn göreşmeli" - diýip Kärizow çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň atçylyk pudagyna 2002-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk eden 71 ýaşly Geldi Kärizow uzak möhletli türme tussaglygyny başdan geçirip, 2015-nji ýylda Türkmenistany terk etdi.

Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaş etmek planyny yglan edenleriň ýene biri türkmen aktiwisti Nurmuhammet Annaýew dalaşgärleriň resmi sanawyna goşulmak ugrunda hereket edýär. Annaýew Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasyna we Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasyna arza ugradandygyny we bu arzalaryň gowuşandygy hakynda jogaby alandygyny Azatlyk Radiosyna habar berdi.

"2022-nji ýylyň prezidentlik dalaşgärligine öz kandidaturamy yglan etdim, berdim, tabşyrdym arzamy. Munuň esasy maksady şu wagtky boljak prezident saýlawlarynyň kanuna laýyk däl-de, has gysga möhletde geçirilip, Türmenistanyň prezidentiniň öz ogluny goýmak maksatly edýän işine nägilek bildirmek boldy. Sebäbi adalatly saýlawlar geçirlýän bolsa, demokratik kadalaryna hormat goýulýan bolsa, has uly wagt möhleti berilmelidi. Indi ogly geçäýende-de, ýurtda, jemgyýetde gelejek 7 ýylda üýtgeşikligiň boljagyny umyt edýän adamlaryň sany gaty az" diýip, Annaýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkiýedäki “Oguzlaryň bilim we medeniýet boýunça hyzmatdaşlyk jemgyýeti” guramasyna ýolbaşçylyk edýän we Türkmenistandaky problemalar barada açyk çykyş edýän Nurmuhammet Annaýew graždan aktiwligi sebäpli dürli basyşlara, şol sanda tussaglyga, urlup-ýenjilmelere sezewar edildi.

Nurmuhammet Annaýew Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde resmi hasaba alnan we köpçülik tarapyndan tanalmaýan Agajan Bekmyradowyň öz obadaşydygyny aýdýar.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy gyssagly prezidentlik saýlawlaryny geçirmek kararyny 12-nji fewralda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir gün öň Halk maslahatynyň mejlisinde ýokary hökümet wezipesinden çekilmek islegini mälim etmeginiň yzýany yglan etdi. Tutuş saýlaw kampaniýasyna berlen wagt bir aýa ýetmeýär.

Merkezi Saýlaw komissiýasy 17-nji fewralda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgär hödürleýän alty sany inisiatiw topary hasaba. Olar gol ýygnamaga başladylar diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG