Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň polisiýasy 'artyk' çörek satyn alýan raýatlary, şol sanda çagalary tussag edýär


Döwlet dükanyndan buhanka çöregini satyn alyp barýan raýat.
Döwlet dükanyndan buhanka çöregini satyn alyp barýan raýat.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda un we çörek ýeter-ýetmezçiligi saklanýan mahaly, Aşgabadyň häkimiýetleri gaýta-gaýta nobata durup, kesgitlenen möçberden has köp çörek satyn alýan raýatlary tussag etmegi dowam etdirýär. Tussag edilen raýatlaryň arasynda çagalar hem bolup, olar bilen ýörite düşündiriş işleri geçirilýär. Bu aralykda, hökümetçi neşir paýtagtyň bir supermarketinde "wirusa garşy garyndylar" goşulan çöregiň satuwa çykarylandygyny habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, çörek satyn aljak wagty saklanyp, polisiýa bölümine alnyp gidilen raýatlara öňünden taýýarlanylan suratlar we wideolar görkezilýär.

"Bu suratlarda saklanan raýatlaryň bir gezek çörek satyn alandan soňra gaýtadan nobata durup, yzly-yzyna çörek satyn alýan pursatlaryny görse bolýar. Suratlar we wideolar subutnama hökmünde görkezilýär" diýip, polisiýa bölümine eltilen aşgabatlylaryň biri anonim şertde 21-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, ýurduň döwlet dükanlarynda her bir raýatyň günde, sebitlere görä, iki ýa-da üç sany çörek satyn almagyna rugsat berilýär. Hususyýetçilerde bir çöregiň bahasy 5-10 manat aralygynda bahalanýan mahaly, ilata subsidirlenen bahadan satylýan bu çöregiň bahasy 60 teňňä deňdir. Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň ýitileşmeginiň fonunda, habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, ýurtda köp maşgala subsidirlenen bahadan satylýan çörege garaşly boldy.

"Biziň raýat geýmindäki işgärlerimiz subutnama üçin kimiň näçe gezek çörek satyn alandygyny wideo we surata düşürýärler. Biz eýýäm öňünden kimi saklamalydygymyzy bilýäris" diýip, aşgabatly ýaşaýjy polisiýa işgärleriniň biriniň sözlerini sitirledi.

Habarçymyz tussag edilen raýatlaryň arasynda çagalaryň hem bardygyny we olar bilen ýörite düşündiriş işleriniň geçirilýändigini hem aýdýar.

"Uly ýaşly adamlar ikinji sapar saklananda 100 manat möçberinde pul jerimesi salynýar. Raýatlar bu jerimäni "Halkbankyň" üsti bilen Aşgabat şäher häkimliginiň bank hasabyna geçirmeli bolýarlar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Habarçymyz raýatlaryň saklanmagy bilen bagly wakalaryň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 14-nji, Kemine köçesiniň ugrunda ýerleşýän 32-nji, Baýmyrat Garryýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän 42-nji we Hojaw Annadurdyýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän 9-njy dükanlarda bolandygyny hem aýtdy.

Şeýle-de, ol bu tussag edilmeleriň arasynda, döwlet dükanlarynda çöregiň satuwynyň daňdan garaňkyda dowam edýändigini belleýär. Adamlar çörek satyn almak üçin gije sagat 3-de nobata durup başlaýarlar.

"Çörek her gün ir sagat 5-de satuwa çykarylýar we 15-20 minudyň dowamynda satylyp gutarýar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Bu aralykda, hökümetçi "Türkmenportal" neşiri paýtagtyň "Bereketli" söwda merkezinde "wirusa garşy garyndylar" goşulan çöregiň satuwa çykarylandygyny habar berýär.

Neşir 20-nji fewralda çap eden habarynda bu çöregiň buýan kökünden alnan garyndylar bilen baýlaşdyrylandygy we onuň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň laboratoriýasynda işlenip taýýarlanylandygyny aýdýar.

Habarda buýan kökünden alnan garyndylaryň diňe bir biologiki işjeňliginiň bolman, eýsem beýleki dermanlaryň täsirini ýokarlandyryp biljekdigi hem öňe sürülýär. Ýöne onda laboratoriýanyň işläp taýýarlandygy aýdylýan ylmy işiň jikme-jiklikleri ilat köpçüligine ýetirilmeýär.

Bellesek, buýan kökünden alnan garyndylaryň koronawirusa garşy saglyk bejergisinde netijelidigini subut edýän islendik ylmy işiň abraýly halkara guramalary tarapyndan ykrar edilendigi barada habar ýok.

Muňa garamazdan, ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýan köküniň adamlary COVID-19-dan goraýandygyny öňe sürüp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG