Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňünden gymmatlan önümler birneme arzanlady. Türkmenistanda saýlaw kampaniýasy bat alýar


Aşgabat, fewral, 2022
Aşgabat, fewral, 2022

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasy we elýeterlilik ýagdaýy durnuksyz galýar. Azyk önümleriniň bahasynyň esli ýokarlanmagyndan soň nyrhlar birneme peseldi. Ýurt möhletden irki prezident saýlawlaryna taýýarlyk görýärkä, bahalaryň peselmegi dollaryň "gara nyrhynyň" aşaklamagynyň yzýany ýüze çykdy.

Azatlygyň habarçylarynyň habar bermegine görä, Maryda käbir azyk önümleriniň bahasy arzanlapdyr, şeýle-de ilata aýlyk un paýlaryny subsidirlenen bahadan wagtynda satmak üçin çäreler görülýär we bankomatlara nagt pul yzygiderli ýüklenýär.

Marydaky habarçylar adatdakysyndan tapawutlylykda ýerli bankomatlarda puluň bardygyny we nobatlaryň uly däldigini bellediler.

"Subsidirlenen önümleriň paýlanyşyna jogapkär gurluşlara subsidirlenen bahadan un paýlanyşyny gijikdirmezlik we soňky aýlaryň un paýlaryny ilata paýlamak" tabşyryldy diýip, habarly çeşme adyny efirde agzamazlyk şerti bilen Azatlyga gürrüň berdi.

Habarçylar ozal döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahalardan halka satylan beýleki gyt azyk önümleriniň indi şol bir dükanlarda bazar bahalaryndan ýa-da ondan hem has ýokary bahadan satylýandygyny aýdýarlar. Şeýlelik bilen, döwlet dükanlarynda ýerli ýaşaýjylar esasan un satyn almak bilen çäklenýärler.

18-nji fewralda, Marynyň döwlet dükanlarynda towuk budlarynyň bir kilogramynyň bahasy 45 manat, şekeriň 20 manat, bir litr ösümlik ýagynyň nyrhy 35 manat boldy. Käbir önümleriň gapdalyndan başga bir harytlar ýüklenýär. Deňeşdirme üçin, şol bir wagtyň özünde, bazarlarda we hususy dükanlarda ösümlik ýagynyň bir litrini 26-30 manatdan, şekeriň bir kilogramyny 15 manatdan, towuk budlaryny bolsa 35 manatdan tapyp bolýar.

Marynyň bazarlaryndaky nyrhlary öwrenen habarçylaryň sözlerine görä, käbir gurluşyk materiallarynyň bahasy hem arzanlapdyr. Sementiň şu günki bahasy bir halta üçin 55 manat.

Mundan bir gün öň Aşgabatda we Maryda gara bazarda dollaryň hümmeti 17 manada düşdi.

Bahalaryň häzir arzanlamagy, ýaňy-ýakynda azyk nyrhynyň esli ýokarlanmagynyň yzýanyna gabat geldi. Gymmatçylyk Türkmenistanda saýlawlaryň geçiriljeginiň yglan edilmeginiň yzýany başlandy. Şonda Azatlygyň habarçylarynyň we garaşsyz habar beriş serişdeleriniň beren maglumatlaryndan çen tutulsa, nyrhlaryň 30% -den 400% -e çenli ýokarlanýandygyny görse bolýar. Döwlet dükanlarynda çörek azyndan dört esse gymmatlady.

Ondan öň 11-nji fewralda, Halk Maslahatynyň ýygnagynyň geçirilen güni bahalar gysga wagtlyk aşaklapdy. Şol gün Aşgabat dükanlarynyň tekjelerindäki önümleriň görnüşleri hem adatdakysyndan köpelipdi, ýöne önümler çäkli mukdarda satylyp, adam başyna sanalyp satylýan çöregi ýene köpräk satyn almaga synanyşanlar yzarlandy.

Köpler azyk bahalarynyň häzir pese düşmegini saýlaw kampaniýasy bilen baglanyşdyrýarlar. Häzirki wagtda döwlet baştutanynyň ogly bolan, prezidentlige kandidat Serdar Berdimuhamedowy mahabatlandyrmak boýunça agitasion kampaniýalar tutuş ýurtda bat alýar.

"Biziň pikirimizçe, Serdaryň abraýyny ýokarlandyrmak üçin bahalary arzanladýarlar we bankomatlara pul goýýarlar. Bu onuň mahabaty. Her kim öz aralarynda bahalaryň belli bir wagt saklanjakdygyny we saýlawlardan soň hemme zadyň öňküsi ýaly boljakdygyny, hem gymmatçylygyň, hem-de ýetmezçiligiň dolanjagyny aýdýar"-diýip, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen Azatlyk bilen gürleşen ýeri ýaşaýjysy aýtdy.

Azyk söwdasyna degişli ýagdaý soňky ýylyň dowamynda Serdar Berdimuhamedowyň üns merkezinde boldy. Döwlet telewideniýesi, premýer-ministriň orunbasarynyň paýtagtyň dükanlaryna, şeýle hem welaýatlara sapar edip, bazara baryp syn edendigini yzygiderli görkezdi. Geçen ýazda Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda dükanlardaky nobatlardan nägileligini bildirdi we adamlaryň nobata durmagynyň prezident kakasynyň abraýyna zyýan edýändigini aýtdy. Şondan soň Aşgabadyň häkimiýetleri nobatlary gizlemek bilen boldy, azyk garaňkyda gijelerine satyldy.

Däp bolşy ýaly, baýramçylyklardan we möhüm syýasy wakalardan öň azyk üpjünçiligi gysga wagtlyk gowulaşýar we arzanlaýar. Döwlet dükanlarynda käbir gyt önümler peýda bolýar we bazarlarda bahalar peselýär. Şol aralykda telekeçiler häkimiýetleriň bahalary arzanlatmak üçin basyş görkezip, şeýlelikde olary öz zyýanyna söwda etmäge mejbur edýändigini habar berýärler.

Hususan-da, sebitlerde azyk üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we soňky aýlarda onuň ogly Serdaryň saparlary hem täsir edipdi.

Geçen ýyllaryň tejribesine laýyklykda, baýramçylyklaryň, möhüm wakalaryň we prezident saparlarynyň yzýany azyk gytçylygy ýene güýçlenýär we bahalar ýokarlanýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG