Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen polisiýasy aktiwistiň ejesine haýbat atýar


Türkmen aktiwisti Rozgeldi Çöliýew mart aýdynda Şeremetýewo aeroportunda saklanyp, soň Türkiýä deportasiýa edildi.
Türkmen aktiwisti Rozgeldi Çöliýew mart aýdynda Şeremetýewo aeroportunda saklanyp, soň Türkiýä deportasiýa edildi.

Türkmen häkimiýetleri Rozgeldi Çöliýewiň ene-atasyna basyş edýär, aktiwistiň ejesi polisiýa bilen "söhbetdeşlikden" soň keselhana ýerleşdirildi diýip, Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.

Rozgeldi Çoliýewiň kyssasy geçen ýylyň martynda, Şeremetýewo howa menzilinde üç hepde oturyp, gaçybatalga sorap beren arzasyna seretdirip bilmän, ahyrynda Russiýadan çykarylanda belli boldy, häzir ol post-sowet ýurtlarynyň birinde bolýar diýip, adam hukuklaryny goraýan gurama belleýär.

Aşgabatdaky çeşmäniň maglumatyna görä, Rozgeldiniň ene-atasy fewral aýynyň başynda Žitnikow köçesindäki şäher polisiýa bölümine çagyrylypdyr we, kakasy ýaramansoň, aktiwistiň 62 ýaşly ejesi Ogulmaral Çoliýewa polisiýa edarasyna barypdyr.

Häkimiýet wekilleri oňa köp çagaly enedigini we täze gurulýan ýokary amatlykly jaýlardan jaý almak nobatynyň ýetendigini, ýöne oglunyň döwleti tankytlamagyny bes edip, Türkmenistana dolanyp gelmelidigini, onuň türmä basylmajagyna söz berýändiklerini aýdypdyrlar.

Ogulmaral häkimiýetlere “Bizi günümize goýuň, biz jaý üçin nobata durmadyk. Oglum kanun bozan bolsa, goý, özi jogap bersin” diýipdir. Şondan soň häkimiýet wekilleri haýbat atyp, aktiwistiň ejesiniň üstüne gygyrmaga başlapdyr we ol huşuny ýitiripdir.

Türkmen Helsinki gaznasynyň habarynda aýdylmagyna görä, polisiýa “Tiz kömek” awtoulagyny çagyryp, huşsuz enäni hassahana ýerleşdirjek bolupdyr. Emma näsagy Bekrewe, Berzeňňi, Gaža, Hitrowka etraplarynda kabul etmediler, ol ahyrynda S.Nyýazow adyndaky hassahana ýerleşdirilip, birnäçe gün soňra ol ýerden çykaryldy diýip, habarda aýdylýar.

2020-nji ýylda aktiwistiň kakasyna oglunyň wideo çykyşlary sebäpli kwartirasyny almak we işden çykarmak haýbaty atyldy, blogçynyň ýurda dolanyp gelende “türmä basyljakdygy” aýdyldy diýip, hukuk goraýjy topar ýazýar.

XS
SM
MD
LG