Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Memoriala” türkmen bosgunynyň işi esasynda 300 müň rubl jerime salyndy


Türkmen aktiwisti Rozgeldi Çöliýew mart aýdynda Şeremetýewo aeroportunda saklanyp, soň Türkiýä deportasiýa edildi.

“Moskwanyň Twerskoý etrap kazyýetiniň kazysy Aleksandr Merkulow şu gün, 1-nji oktýabrda meniň mart aýynda türkmen bosguny Rozgeldi Çöliýewi goldap, Russiýanyň DIM-ine iberen hatym sebäpli, adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkezine 300 müň rubl möçberinde (4000 dollara golaý) jerime saldy” diýip, hukuk goraýjy Witaliý Ponomarýewiň 1-nji oktýabrda öz Facebook sahypasynda paýlaşan maglumatynda aýdylýar.

Ýatlatsak, türkmen blogçysynyň Şeremetýewo aeroportundaky döwlet serhet gözegçilik nokadynda gaçybatalga sorandygyna garamazdan, serhetçiler kanuna ters gelýän hereket edip, onuň gaçybatalga baradaky arzasyny kabul etmekden iki hepde töweregi boýun gaçyrdy. Serhet gullugynyň ýolbaşçylaryna we Içeri işler ministrliginiň Baş Migrasiýa müdirligine bilelikde ýüzlenme taýýarlamak bilen, dürli ýurtlardan bolan adam hukuklary aktiwistleri Çöliýewi goldap çykyş etdiler.

8-nji mart agşamy men bu ýüzlenmäni ýanyna gysgaça hat goşup, olaryň saýtlary arkaly, degişli bölümlere we Russiýanyň Daşary işler ministrligine iberdim, sebäbi bu ýagdaý biziň ýurdumyzyň halkara borçnamalary bilen baglydy diýip, “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň müdiri W.Ponomarýew ýazýar.

Görnüşinden, meniň kollektiw ýüzlenmäniň ýanyna goşan gysgaça hatymy "daşary ýurt agentleri" baradaky kanuny bozmak hasaplap, Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky DIM prokuratura arz edipdir we, başda görmäge geň netijeleri berendigine garamazdan, prokuratura derňewe başlapdyr diýip, habarda aýdylýar (“Memorial” hem biraz öň “daşary ýurt agentleri” sanawyna girizilipdi).

Şeýlelikde, hatyň awtory hökmünde 5000 rubla çenli jerime tölemeli edilip, adminstratiw düzgün bozma üçin temmi berlen men däl-de, meniň işleýän guramam günäli tapylýar. Bu hatda tapylan "syýasy işjeňlik" elementi meniň iş ýerimi görkezmegim bilen bagly, ýogsa hatyň esasy temasy, gaçybatalga soraýan adamyň arzasyny kanun esasynda hasaba almak düýpden syýasy mesele däl diýip, W.Ponomarýew sözüni dowam etdirýär.

Şeýle-de ol bu haty baýramçylyk gününde, öýde ýazandygyny, şol gün edaradaky iş jaýynda garawuldan başga adamyň bolmandygyny belleýär. Emma muňa garamazdan, prokuraturanyň gelen netijesine görä, düzgün “Memorial” merkeziniň Maly Karetni zolagyndaky binasynda bozulypdyr.

Ýöne, hatyň awtorynyň bellemegine görä, bu hili galplaşdyrma bolmasa, ýokardan saýlawlaryň öňüsyrasynda edilýän talap esasynda, guramanyň “günäsini” subut etmek prokuratura üçin kyn bolardy.

Geň galdyrýan ýeri, tanyş bolan dokumentleri we faktlary esasynda gaçybatalga soraýan adamyň hukuklarynyň gödek bozulandygyny ýüze çykaran prokuratura bu meselä doly göz ýummak kararyna gelipdir. Bu günki günde Putiniň syýasy adalaty hut şeýle işleýär diýip, hukuk goraýjy ýazýar.

Şeýle-de ol, kazyýetiň koridorlarynda sud seljermeleriniň başlanmagyna garaşýan wagtynda syýasy yzarlamalaryň beýleki pidalary bilen hem gürleşendigini, hususan-da hiç bir gurama bilen ilteşigi bolmadyk, özbaşyna metbugat azatlygyny goramak üçin bir adamlyk piket geçirmek islän adam bilen gürleşendigini habar berýär.

Ol adam hukuk goraýja indi Russiýanyň konstitusiýasynda kepillendirilen hukuklaryna bil baglap bilmejekdigini, garşysyna jenaýat işiniň açylmazlygy üçin, gaýdyp hiç bir piket geçirmejekdigini gürrüň beripdir.

Ýadymda, 1990-njy ýyllaryň aýagynda Karimowyň ýolbaşçylygyndaky Özbegistanda gadagançylyklar we syýasy yzarlamalar raýatlaryň gündelik durmuşynyň bir bölegine öwrüldi diýip gürrüň edýärdiler. Gynansagam, bu günki gün Putiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýa barada-da şol zatlary aýdyp bolar diýip, adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýew sözüni jemleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG