Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin Ukrainanyň separatist sebitlerini ykrar etdi, Günbatar bu ädimi ýazgardy


Rus prezidenti Wladimir Putin

Rus prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň gündogarynda Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň garaşsyzlyk baradaky ýüzlenmesini ykrar edýändigini yglan etdi. Ol 21-nji fewralda eden çykyşynda Kiýew hökümetine, şeýle-de NATO we Günbatara nägileliklerini hem dile getirdi.

Ol çykyşyny, görnüşinden Moskwanyň separatistleriň ymtylmalaryny goldamaga gönükdirilen, dokumentlere gol çekmek dabarasy bilen tamamlady.

Bu konfliktiň döremek howpuny artdyrdy.

Mundan öň, BMG we Günbatar liderleri Ukrainanyň özygtyýarlylygyny bozup biljek islendik ädimlerden ägä bolmagy duýdurypdy.

Ençeme hepdeleriň dowamynda Kiýew we Günbatar liderleri Russiýanyň Ukraina garşy harby hüjüminiň gutulgysyz bolup biljekdigini duýduryp geldiler. Russiýa Ukraina bilen serhedinde özüniň 150 müň töweregi harbysyny ýerleşdirdi.

Putin çykyşynyň başynda köp aýyplamalary öňe sürüp, Kiýewi daşary ýurt güýçleri we oligarh klanlary tarapyndan dolandyrylýan “oýnatgy režim” diýip atlandyrdy.

Mundan başga-da, ol NATO-nyň Moskwanyň howpsuzlyk kepilleri baradaky talaplaryny “dolulygyna ünsden düşürendigini” hem aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Josep Borell Russiýa garşy nobatdaky tapgyr sanksiýalaryň giriziljekdigini mälim etdi.

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson Putiniň bu ädimini “Ukrainanyň özygtyýarlylygynyň we bütewiliginiň gödek bozulmasy bolandygyny” aýtdy.

Latwiýanyň daşary işler ministri Edgars Rinkewiçs ÝB-niň dessine sanksiýalary girizmelidigini aýtdy.

Krymy we separatistleriň gözegçiligindäki sebitleri Ukrainanyň territoriýasy hökmünde ykrar edýän BMG, “Ukrainanyň territorial bütewiligini sarsdyryp biljek islendik birtaraplaýyn kararlardan we hereketlerden gaça durmaga” çagyrypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG