Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidentligine dalaşgärleri bellige almak dowam edýär


Täze dalaşgärler
Täze dalaşgärler

Türkmenistanda irki prezident saýlawlaryna dalaşgärleri hasaba almak işleri dowam etdirilýär.

Merkezi saýlaw komitetiniň 21-nji fewralda çap eden maglumatyna görä, raýatlaryň teklip toparlary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Maksatmyrat Öwezgeldiýew we Kakageldi Saryýew, Senagatçylar we Telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Babamyrat Meredow ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy.

Şu aralykda, 21-nji fewralda Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

19-njy fewralda teklipçiler tarapyndan hödürlenen Perhat Begenjow, Berdimämmet Gurbanow hem-de, has ozal, Agrar partiýasyndan hödürlenen Agajan Bekmyradow dalaşgärlige bellige alyndy. Munuň bilen, şu wagta çenli ýedi dalaşgär resmi taýdan bellige alyndy.

Bu aralykda, ýurduň daşynda hereket edýän oppozisiýa wekilleri we aktiwistler, öňki syýasy tussag Geldi Kärizow, DWT toparynyň lideri Myrat Gurbanow, aktiwistler Nurmuhammet Annaýew we Ahmet Rahmanow hem Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara öz dalaşgär bolmak meýillerini yglan etdiler.

Synçylar türkmen saýlawlarynyň açyklyk, aýdyňlyk, erkinlik we adalatlylyk şertlerine alada bildirýärler we duýdansyz yglan edilen irki prezident saýlawlaryny Türkmenistanda häkimiýeti atadan ogla geçirmek synanyşygy häsiýetlendirýärler.

XS
SM
MD
LG