Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň Agrar partiýasy Agajan Bekmyradowy prezidentlige dalaşgär hökmünde hödürledi


2012-nji ýylyň prezidentlik saýlaw möwsüminde düşürilen surat. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Agrar partiýasy Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy prezidentlige dalaşgär hökmünde hödürledi. Bu baradaky karar partiýanyň 15-nji fewralda Aşgabatda geçirilen nobatdan daşary IV gurultaýynda kabul edildi.

TDH-nyň habaryna görä, Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen gurultaýa gatnaşyjylar Bekmyradowyň "hormata mynasyp hünärini we şahsy häsiýetlerini" belläp, çykyşlary etdiler.

"Çykyşlar we ses bermek tamamlanandan soňra, degişli karar biragyzdan kabul edildi" diýlip, resmi habarda nygtalýar.

Agajan Bekmyradow. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat
Agajan Bekmyradow. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat

Maglumata görä, Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlap, inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy. Ol dürli ýyllarda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimliklerinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap mejlisinde, bu etrabyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesinde işledi. 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri A.Bekmyradow Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.

Resmi habarda onuň nirede we haçan dünýä inendigi baradaky maglumatlar jemgyýetçilige ýetirilmeýär. Bekmyradowyň prezidentlige dalaşgär hökmünde hödürlenendigi barada Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň resmi websaýtynda hem 16-njy fewralda ýerli wagt bilen sagat 17:00-a çenli hiç zat berilmeýär.

Azatlygyň habarçylary, Türkmenistanda geçirilen mundan ozalky saýlawlarda bolşy ýaly, Agrar partiýasy tarapyndan prezidentlige dalaşgär hödürlenen kandidatyň ýurduň syýasy durmuşynda tanalýan şahs däldigini habar berýärler.

"Ol barada tas hiç hili maglumat ýok. Ol 49 ýaşynda bolup, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda dünýä indi. Bekmyradow bäş ýyl bäri welaýat häkimliginde işleýär we oba hojalyk meselelerine jogapkär hasaplanýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 16-njy fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, Bekmyradowyň prezidentlige dalaşgär hökmünde hödürlenmegi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň prezidentlik wezipesine dalaşgärliginiň Merkezi saýlaw komiteti tarapyndan bellige alnan gününe gabat geldi. Serdar Berdimuhamedow ýurduň Demokratiki partiýasy tarapyndan 14-nji fewralda prezidentlige dalaşgär hödürlendi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda döwleti dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul hasaplaýandygyny aýdyp, işden çekilmek niýetini mälim etdi. Şondan soňra Merkezi saýlaw topary 13-nji fewralda geçiren ýygnagynda Türkmenistanda saýlaw kampaniýalaryna badalga berip, prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek işleriniň 14-nji fewralda başlaýandygyny mälim etdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dolandyrylyşynda syýasy küpdürlüligiň we köppartiýalylygyň höküm sürýändigini aýdýarlar. Olar bu öňe sürmesini ýurtda 2012-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we 2014-nji ýylda Agrar partiýasynyň hasaba alynmagy bilen delillendirýärler. Ýöne synçylar ýurtda esasy azatlyklaryň berk çäklendirilýändigini belläp, bu tagallalaryň ýurtda syýasy plýuralizm döredip bilmändigini we ýurtda hasaba alnan hakyky oppozisiýa partiýasynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Bu aralykda, habarçylarymyz ýurt raýatlarynyň aglabasynyň mart aýynda geçiriljek prezident saýlawlaryndan habarsyzdygyny, sebäbi olaryň "ýagty geljege bolan umytlaryny ýitirendiklerini" aýdýarlar.

"Adamlar Berdimuhamedowyň tohumyny Hudaýyň jezasy hasaplaýarlar. Olar bu eden-etdilikden diňe daşarky täsirler bilen dynmagyň mümkindigine ynanýarlar. Ýöne olar munuň hem mümkin däldigine düşünýärler. Olar öňümizdäki 10 ýylda Türkmenistanda üýtgeşmelere garaşmaýarlar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, Aşgabatdaky ýene bir habarçymyz häkimiýetleriň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýaşaýjylaryndan eýwanlaryndaky gülleri we oturgyçlary aýyrmagy talap edýändigini habar berýär.

"Häkimligiň işgärleri Parahat 3 etrapçasyndaky ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, olardan balkonlardaky we penjirelerdäki gülleri aýyrmagy talap edýärler. Olar beýleki goş-golamlary, şol sanda oturgyçlary aýyrmagy hem soraýarlar" diýip, etrapçanyň bir ýaşaýjysy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häkimligiň işgärleri bu çäreleriň 12-nji martda geçiriljek prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyklaryň bir bölegidigini aýdýarlar.

"Olar 12-nji martdan soň bu talaplaryň goýbolsun ediljekdigini belläp, raýatlary köşeşdirýärler" diýip, ýaşaýjy sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG