Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary Ukrain paýtagtyna dyzaýar, Zelenski ‘döwleti ýekelikde' goraýandyklaryny aýdýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Bir gün öň gury ýer, deňiz we howa arkaly Ukraina garşy hüjüme geçen Russiýa 25-nji fewralda paýtagt Kiýewiň eteklerine aralaşdy. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň ýaýradan maglumatlaryna görä, rus harbylary şäherlere we harby bazalara howa zarbalaryny urup, goşunlaryny we tanklaryny iberip, 137 parahat ýaşaýjyny we harby işgäri öldürdi.

Rus raketalary 25-nji fewralda Ukrainanyň paýtagtyny nyşana aldy, basybalyjy güýçler Kiýewiň eteklerine aralaşdy we prezident Wolodymyr Zelenski Günbatara öz ýurduna has köp kömek edilmegini sorap ýüz tutdy we şu wagta çenli yglan edilen sanksiýalaryň ýeterlik däldigini aýtdy.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada, eger-de ukrain goşuny boýun egse, Russiýanyň gepleşiklere taýýardygyny aýtdy we basybalyjy güýçleriň ýurdy "sütemden" azat etmek isleýändigi baradaky sözlerini gaýtalady.

Kiýewiň hökümet etrabyna ýakyn ýerlerde hem ýarag, atyşyk sesleriniň eşidilendigi habar berildi we Zelenski rus goşunlarynyň üç tarapdan goşun we tank sürüp, raýat sebitlerini nyşana alýandygyny aýtdy.

Paýtagtyň demirgazygyndaky Obolon etrabynda ukrain güýçleri bilen rus goşunlarynyň arasynda barýan çaknyşyklar barada habar berilýär.

Kiýew häkimiýetleri Obolon sebitiniň ýaşaýjylaryna “çaknyşyklaryň güýçlenýän" şertlerinde köçelere çykmazlygy tabşyrdy.

Paýtagtyň ykbaly baradaky gorkynyň artýan wagtynda, rus güýçleri demirgazykdan we demirgazyk-gündogardan Kiýewe ýakynlaşýar diýip, Ukrainanyň ýaragly güýçleri 25-nji fewralda aýtdy.

Ukrain goşunynyň Facebookda beren habaryna görä, bu ýerde berk gaýtawul gören ruslar, Kiýewe hüjüm etmek üçin, demirgazykdaky Çernigow şäherinden "aýlanyp" geçmäge synanyşýarlar.

Kiýewdäki goşunlaryň habar bermegine görä, ruslar gündogardaky Konotop şäherini ele geçirip, şol ýerden Kiýewe tarap ilerleýär.

25-nji fewralda irden ýaýradylan wideoda prezident wepat bolanlary "gahrymanlar" diýip atlandyrdy we 24 sagatdan hem az wagt içinde söweşde 300-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Zelenski Russiýanyň 25-nji fewralda ir sagat 4-de raketa zarbalaryny gaýtadan başlandygyny, ýöne rus goşunlarynyň hüjümleriniň köp ugurda öňüniň alnandygyny aýtdy.

25-nji fewralda Kiýewde partlama sesleri eşidildi.

Ukrain harbylary Kiýewiň 60 km demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Iwankiw sebitinde aldym-berdimli söweşleriň bolandygyny habar berdi.

"Şu gün iň kyn gün bolar. Duşmanyň niýeti Iwankiwiň we Çernihowyň gapdaly bilen tank kolonnalaryny Kiýewe tarap geçirmekden ybarat" diýip, Içeri işler ministrliginiň geňeşçisi Anton Geraşçenko Telegramda aýtdy.

"Olar adamlary öldürýärler we asuda şäherleri harby nyşana edinýärler. Bu elhenç we hiç haçan bagyşlanmaz" diýip, Zelenski aýtdy.

Prezident Odessa sebitindäki Zmiinyi (Ýylan) adasyndaky serhet goragçylarynyň ählisiniň öldürilendigini aýtdy. Olaryň hemmesi Ukrainanyň Gahrymany diýen ýokary derejeli sylag bilen hatyralanar diýip, prezident aýtdy.
Ukrainanyň serhet gullugy adanyň rus goşunlary tarapyndan basylyp alnandygyny habar berdi.

Çekýän ýitgilerine garamazdan, Zelenski Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň “ýurdy dünýäniň iň güýçli döwletleriniň birine garşy durup, aňrybaş derejede goraýandygyny” aýtdy.

Şeýle-de prezident öz ýurdunyň Russiýa garşy söweşde "ýeke galdyrylandygyny" aýtdy. Ol "Kim biz bilen bilelikde söweşmäge taýyn? Men hiç kimi göremok" diýdi.

Russiýa goňşy ýurda meýilleşdiren çozuşyny 24-nji fewralda, daň atmanka başlady, şäherlere we harby bazalara howa hüjümlerini amala aşyrdy we dürli tarapdan goşun we tank iberdi. Goranmak ministriniň orunbasary gündogar Donetsk sebitini ruslaryň agyr top okuna tutandygyny habar berdi.

Ukrain resmileri öz güýçleriniň ruslar bilen köp frontda söweşýändigini we dünýäniň iň erbet ýadro betbagtçylygy bolan Çernobyl ýadro desgasynyň ýerleşýän ýerini elden giderendigini aýtdy.

Şeýle-de, demirgazyk-gündogardaky Sumy we Harkow sebitlerinde, günortada bolsa Ukrainanyň iň möhüm deňiz porty bolan Kerson we Odessa sebitlerinde güýçli atyşyklar boldy.

Ukraina BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde gyssagly çekişme geçirilmegini sorady diýip, BMG aýtdy.

Bu talap, Russiýanyň ukrain topraklaryndaky duşmançylyklary sebäpli, ýurtda adam hukuklary ýagdaýynyň adatdan daşary erbetleşmegine jogap hökmünde edilýär diýip, Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Ýewheniýa Filipenko prezidentiň forumyna Ženewadan iberilen hatda aýtdy.

Geňeşiň prezidenti bu talap boýunça 47 agzaly gurama bilen duşuşar we ýagdaýy ara alyp maslahatlaşar. Guramanyň 28-nji fewralda geçiriljek esasy ýyllyk mejlisinde gyssagly çekişme geçirmek üçin sesleriň ýönekeý köplügi zerur.

XS
SM
MD
LG