Öňde durýan irki prezident saýlawlaryna syn etmek üçin Russiýadan Türkmenistana halkara synçylar topary geldi diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Synçylar Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň uçary bilen, 25-nji fewralda Moskwadan Türkmenabada gelipdir.
25-nji fewralda guralan çykyş uçarynda Türkmenabatdan Moskwa 170 adam geldi we, "Türkmenistanyň hronikasy" neşiriniň hasabyna görä, bu Russiýanyň Türkmenistandaky adamlary çykarmak üçin 2020-nji ýylyň martyndan bäri gurnan 37-nji uçar gatnawy boldy.
Azatlyk ozal Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň 22-nji fewralda Moskwa eden sapary wagtynda GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary Ilham Nematow bilen duşuşyp, Türkmenistanyň prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlary bilen baglylykda, 12-nji martda geçiriljek bäsleşikde "GDA-nyň missiýasynyň synçylarynyň işiniň guramaçylygynyň mümkinçilikleri barada hem jikme-jik maslahat edendigini", emma resmi habarda hiç bir jikme-jikligiň aýdylmandygyny habar beripdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.