Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Irki prezident saýlawlaryny geçirýän Aşgabat Moskwa bilen howpsuzlygy maslahatlaşdy


Duşuşyk wagtyunda. Türkmen DIM-niň fotosuraty
Duşuşyk wagtyunda. Türkmen DIM-niň fotosuraty

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynda, Moskwada resmi saparda bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdy diýip, Türkmen DIM-niň web sahypasy habar berýär. Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert bu sapary türkmen hökümetiniň we prezident Berdimuhamedowyň häkimiýetiň atadan ogla geçýän wagtynda ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýyndan juda alada galmagy we howpsuzlyk kepilligi üçin ýüz tutup biljek ýeke-täk ýurdunyň Orsýet bolmagy bilen düşündirýär.

Resmi maglumata görä, geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hereketleriniň “Ýol kartasy”; 2022-2025-nji ýyllar üçin halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň Meýilnamasy; Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasy ýaly resminamalara gol çekildi.

Taraplaryň bellemegine görä, türkmen-rus gatnaşyklary durnukly, strategiki häsiýete eýe bolmak bilen, iki ýurduň prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda ösdürilýär.

Gepleşikleriň barşynda Hazar deňzi we araçäkleriň aýdyňlaşdyrylmagy barada hem gürrüň edildi we taraplar Hazarýaka döwletleriniň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen altynjy sammitini üstünlikli geçirmek üçin ysnyşykly hereket etmek ylalaşygyna geldiler.

Türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary I.Nematow bilen duşuşyp, Türkmenistanyň prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlary bilen baglylykda, 12-nji martda geçiriljek bäsleşikde GDA-nyň missiýasynyň synçylarynyň işiniň guramaçylygynyň mümkinçilikleri barada hem jikme-jik maslahat etdi, emma habarda bu jikme-jiklikler aýdylmady.

Türkmen ministriniň rus resmileri bilen duşuşygy Gazagystanda bolan wakalaryň yzysüre gün tertibine gelen irki prezident saýlawlarynyň öň ýanynda, Ukrainanyň serhedinde Orsýetiň goşun jemlemegi bilen dörän dartgynlylylygyň arasynda geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert Brýus Panniýeriň pikiriçe, Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlarynyň birnäçe hepde öňünden bolan duşuşykda Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda sebitara howpsuzlyk meseleleri boýunça ýol kartasynyň ýene bir gezek ylalaşylmagy gyzykly bolup görünýär.

Hünärmen bu iki ýurduň arasynda öňdenem uly howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň bolandygyny, ýöne bu hyzmatdaşlygyň soňky döwürde, belki-de ýurtdaky häkimiýet çalşygy, ýurt ýolbaşçylygynyň atadan ogla geçirilmegi bilen baglylykda, birneme ýokarlandyrylmaly bolandygyny belleýär.

“Häzirki pursatda Türkmenistanyň içerki howpsuzlygyny kepillendirip biljek, eger-de häkimiýetiň geçirilmegine içerki garşylyk bolan ýagdaýynda, ýa-da häkimiýetiň atadan ogla geçýän wagtynda, Türkmenistanda haýsydyr bir özgerişlik döretmek mümkinçiligi sebäpli, ýurt daşyndan kimdir birleri garşylyk bildirse, Türkmenistanyň içerki meselelerini çözmekde kömek berip biljek ýeke-täk ýurt hökmünde, Türkmenistan Orsýetden Berdimuhamedowyň maşgalasyny häkimiýetde saklamak üçin nähilem bolsa bir kömek kepilligini almaga çalyşýar” diýip, Panniýer aýtdy.

Eýsem, Türkmenistan içerki meselelerini çözmekde Moskwadan alan göni ýa-da gytaklaýyn kömegine derek näme bermeli bolar?

Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert bu soragyň öňde duran Hazar sammiti bilen baglylykda aýratyn gyzykly bolup görünýändigini, sebäbi Orsýetiň türkmen gazyny Kaspi deňziniň üstünden Ýewropa bazaryna çykarjak Transhazar gaz geçiriji taslamasynyň amala aşyrylmagyna garşy durýandygyny, üstesine indi Orsýetiň Germaniýa gaz geçirjek “Demirgazyk akym–2“ geçirijisiniň hem togtadylandygyny belleýär.

Mundan başga, hünärmeniň pikiriçe, Hytaýa has kän gaz satýandygyna garamazdan, Türkmenistan geçen ýyl Orsýete çak edilişinden köp möçberde gaz satdy we bu Aşgabadyň Moskwa bolan garaşlylygynyň köpelýändigini yşarat edýär. Üstesine, bu ýagdaý ozal Hytaýdan alynýan gaz pulunyň az bolmagy bilen bagly bolan bolsa, indi häkimiýetiň atadan ogla geçirilmeginde Kremliň berjek howpsuzlyk kepilligi, şeýle-de Moskwanyň Türkmenistanda reforma bolmagyny, özgerişlik edip biljek akylly adamyň häkimiýet başyna gelmegini düýpden islemezligi, Berdimuhamedow ýaly kän iş bilmeýän adamyň bolmagyny islemegi netijesinde, has-da çuňlaşyp biljekdigini aňladýar.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally hem B.Panniýeriň pikirleri bilen ylalaşýar. Onuň pikiriçe, Orsýet soňky iki asyryň dowamynda töwerek-daşyna howp salyp gelýär we özüni ýarag güýji bilen ykrar etdirmäge çalyşýar.

"Russiýanyň prezidenti W.Putin mundan öňräk, iki ýyl ozal Gürjüstanda öň döwlet bolmandyr, knýazlyk bolupdyr, olary döwlet eden, şu derejä ýetiren ruslar diýdi. Birki günlükde bolsa Putin, Ukraina ýaly ägirt uly döwlete öň Ukraina bolmandyr, ol ýer Russiýanyň topragy diýdi. Mundan sähelçe wagt öň bize, türkmenlere hem
türkmeniň ýurdy bolmandyr, türkmeni döwletli eden ruslar, türkmene hat-sowat öwreden ruslar diýýärdiler" diýip, H. Hally aýtdy.

Türkmen ýazyjysynyň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Aşgabadyň baş diplomatynyň şu günki günde Orsýete baryp, ýurduň howpsuzlyk meselelerini Moskwa bilen ylalaşmagy geljekde Türkmenistan üçin uly kynçylyklary döredip biler.

"Edil şu günki günde Türkmenistanyň baş diplomatynyň Russiýa baryp, rus diplomatiýasyna baş egmegi, şolar bilen ylalaşmagy Türkmenistanyň ähli gazananlaryny, garaşsyzlygyny, aýratynam özygtyýarlylygyny howp astyna salýar, bu ägirt uly howply ýagdaý" diýip, türkmen ýazyjysy aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, 2020-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Türkmenistan bilen şondan 17 ýyl ozal gol çekilen howpsuzlyk ylalaşygyny ratifikasiýa etdi.

Bu ylalaşyga 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň arasynda geçirilen gepleşikler netijesinde gol çekilipdi.

Ýene bir bellemeli ýagdaý, Türkmenistanyň baş diplomaty Raşid Meredowyň Moskwada howpsuzlyk meselelerini ylalaşýan wagtynda Aşgabatda işden çekilýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG