Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zelenski: 'Biz öz döwletimizi, öz topragymyzy we çagalarymyzy gorarys!'


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 26-njy fewral güni irden Kiýewden habar iberip, rus goşunlarynyň Ukrainanyň paýtagtyny gabaýan wagtynda, bu ýerde hiç bir ukrain tabynlygynyň bolmajakdygyny aýtdy. Zelenski ýurduň geljegini kesgitläp biljek gabawa garşy “berk durmaga” çagyrdy. Ol: "Söweş şu ýerde" diýip, ewakuasiýa etmek baradaky Amerikan kömeginden ýüz öwürdi.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň 26-njy fewralda sosial ulgamlarda çap eden maglumatlaryna laýyklykda, üç günläp dowam eden rus çozuşynda, ukrain harbylary özleriniň şu wagta çenli 14 uçary, 8 dikuçary, 102 tanky, 536 sowutly ulagy ýok edendigini, 3000 harby gullukçyny öldürendigini aýtdy.

"Galp habarlara ynanmaň ... Men şu ýerde, biz öz ýaraglarymyzy taşlamarys, biz öz döwletimizi, öz hakykatymyzy, öz topragymyzy we çagalarymyzy gorarys, biz bularyň hemmesini gorarys, size aýtmak islän zadym şu” diýip, Zelenski Kiýewiň merkezindäki prezident edarasynyň ýanynda durup, Twitter hasabynda çap edilen wideoýazgyda aýtdy.

Zelenski, rus güýçleriniň ilerlemegi netijesinde gaçybatalga gözlemäge ýa-da gaçmaga mejbur bolýan raýatlary Kiýewi goramaga kömek bermäge çagyrdy.

Şähere raketa zarbalary urlandan soň häkimiýetler eýýäm rus güýçleriniň ilerlemeleri barada paýtagtdaky adamlara duýduryş beripdi.

Hüjüm başlaly bäri 198 adam öldi, şol sanda üç çaga häläk boldy, 115 adam ýaralandy, olaryň 33-s çagalar diýip, Ukrainanyň saglyk ministri Wiktor Lýaşko Facebookda aýtdy.

Kiýew metrosyndaky adamlar
Kiýew metrosyndaky adamlar

Goranmak ministrligi 25-nji fewralda ýaşaýjylara öňe müňzeýän rus güýçlerini yzyna serpikdirmek üçin benzin bombalaryny ýasamagy buýurdy. Agşamara şaýatlar şäheriň günbatar böleginden top oklarynyň partlamalarynyň we güýçli atyşyk sesleriniň eşidilendigini habar berdiler.

Prezident ukrainalylary "duşmany mümkin bolan ýerinde togtatmaga" çagyrdy. Zelenski mundan öň efire berlen wideo çykyşynda Kiýewiň köçelerinde hökümet resmileriniň boljakdygyny we Ukrainanyň garaşsyzlygyny gorajakdygyny, özüniň hem paýtagtda galjakdygyny wada beripdi.

Şäher häkimi Witali Kliçko Kiýewiň gündogar çetindäki esasy elektrik stansiýasynyň golaýynda bäş partlamanyň bolandygyny aýtdy. Bu partlamalara nämäniň sebäp bolandygy barada maglumat ýok.

Orsýetiň basyp alýan güýçleriniň 26-njy fewralda, ýurduň çar künjegindäki şäherlere we harby bazalara raketa zarbalaryny uranyndan soň, paýtagtyň daşyny gabap, onuň içine tarap süýşýändigi habar berildi. "Roýters" habar gullugynyň bir şaýady Kiýewde top oklarynyň ýarylandygyny aýtdy.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba Twitterde Russiýanyň bir raketasynyň Kiýewde bir köp gatly ýaşaýyş jaýyna gelip degendigini görkezýän surat ýerleşdirdi we dünýä jemgyýetçiligine Russiýany doly izolirlemek, onuň ilçilerini kowmak, nebit embargosy, rus ykdysadyýetini çökermek talaby bilen ýüzlendi. “Rus uruş jenaýatçylaryny togtadyň!” diýip, Kuleba ýazdy.

Zyýan ýeten ýaşaýyş jaýlary
Zyýan ýeten ýaşaýyş jaýlary

Şeýle-de, Zelenski 26-njy fewral güni irden öz Telegram kanalynda çap eden wideo habarynda rus goşunlarynyň gije Ukrainanyň paýtagtyny ele geçirmäge synanyşjakdygyny duýdurdy.

"Duşman özüniň ähli güýjüni biziň garşylygymyzy syndyrmak üçin ulanar. Olar şu gije hüjüm ederler" diýip, ol aýtdy.

Zelenski biraz öň twitterde gündogar Çernihowyň we Melitopolyň girelgelerinde, şeýle-de Hostomelde öldürilen adamlar bilen agyr söweşleriň bolandygyny aýdypdy.

Şaýatlaryň sözlerine görä, gündogar Ukrainanyň Russiýa bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Harkowda hem partlamalar eşidilipdir, günbatar şäher Lwowda howa hüjümlerini duýdurýan sirena sesleri eşidilipdir. Häkimiýetler gündogar Sumy şäherinde hem agyr söweşleriň bolandygyny habar berdiler.

AÝ/AR-nyň Harkowdaky habarçysy şäheriň daşynda ýerleşdirilen raketa atyjy awtoulaglarda oturdylan rus gradlar tapgyrynyň ýok edilendigini aýtdy. Şeýle-de habarçy wakanyň bolan ýerinde rus esgeriniň jesedini görendigini hem habar berdi. Beýleki pidalar barada häzirlikçe hiç bir maglumat ýok.

Şu aralykda on müňlerçe ukrain howpsuzlyk üçin goňşy ýurtlara gaçdy.

Polşa-Ukraina serhedindäki stansiýa
Polşa-Ukraina serhedindäki stansiýa

Zelenski 18-60 ýaş aralygyndaky erkekleriň gitmegini gadagan edýän karara gol çekensoň, goňşy ýurtlara gelenler esasan aýallar, çagalar we garrylar boldy.

Ukrainalylar Polşanyň serhet geçelgelerine pyýada, awtoulagly we otly bilen geldiler, Polşanyň häkimiýetleri we meýletinçiler olara azyk we gyzgyn içgi hödürlediler.

Polşa, Slowakiýa, Wengriýa, Rumyniýa we Moldowa geçilýän serhet geçelgeleriniň käbirinde ulag hatarlary birnäçe kilometre çenli uzady.

Şu aralykda, Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Halkara gyzyl haç guramasyna ýüzlenip, müňlerçe rus esgeriniň jesedini Russiýa gowşurmakda kömek berilmegini sorady.

“Biz Halkara gyzyl haçdan rus esgerleriniň jesetlerini Russiýa Federasiýasyna eltmekde soraýarys. Bular müňlerçe jeset... Russiýa Federasiýasy şeýle jesetleriň näçäreginiň ukrain topragynda ýatandygyny bilmeli"diýip, Ukrainanyň wise-premýeri Irina Wereşuk aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG