Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa garşy girizilen sanksiýalar arasynda, Kreml Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar


Gazagystan. Wladimir Putin (Ç), Nursoltan Nazarbaýew (O) we Şawkat Mirziýoýew. Arhir suraty, 2018.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, premýer-ministr Mihail Mişustin we Federasiýa geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko, Ukraina agressiýasy sebäpli, Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalarynyň arasynda Merkezi Aziýanyň üç döwletiniň ýolbaşçylary bilen gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.

Kremliň metbugat gullugy 25-nji fewralda Putiniň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gepleşip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary we Ukrainada dowam edýän ýagdaýy ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi.

Bu telefon söhbetdeşligi Russiýanyň harby güýçleriniň bir gün öň Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň harby bölümlerine garşy başlan hüjümleriniň doly güýjünde dowam etdirýän wagtynda geçirildi.

"Şawkat Mirziýoýew Russiýa tarapynyň eden hereketlerine düşünýändigini aýtdy" diýip, metbugat gullugynyň habarynda bellenýär.

Emma muňa garamazdan, Özbegistanyň prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadowyň tassyklamagyna görä, "Özbegistan Russiýanyň Ukrainanyň çäginde alyp barýan harby operasiýalary meselesinde deňagramly we bitarap pozisiýa eýeleýär".

Şeýle-de ol, Gazeta.uz neşiriniň maglumatyna görä, Daşkendiň ýüze çykan düşünişmezlikleriň ählisiniň halkara hukuk normalary esasynda çözülmelidigini belledi.

“Biziň ýurdumyz öňden gelýän adat esasynda hem Russiýa, hem Ukraina bilen ýakyn, dostlukly gatnaşyk saklaýar. Biz özümiziň giň sebitimizde parahatçylygy, durnuklylygy we daýanykly ösüşi üpjün etmek isleýäris. Ýüze çykýan ähli jedeller we düşünişmezlikler diňe halkara hukugynyň esasynda çözülmeli" diýip, Şerzod Asadow aýtdy.

Gazagystanyň prezident gullugy hem birnäçe sagat öň Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Mişustiniň, Russiýa garşy girizilen günbatar sanksiýalaryň arasynda, özara ykdysady gatnaşyklary we söwdany goramagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Tokaýew we Mişustin, beýleki meseleler bilen bir hatarda, "Ukrainadaky ýagdaýyň has dartgynlaşmagynyň we Russiýa garşy girizilen halkara sanksiýalarynyň arasynda, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdarynyň azalmagynyň öňüni almak üçin bilelikdäki tagallalary" ara alyp maslahatlaşdylar diýip, prezidentiň metbugat gullugy aýtdy.

Mişustin Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltana bir öň, Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin geldi.

Şeýle-de, Matwiýenko 25-nji fewralda Duşenbede Täjigistanyň ýokary wezipeli emeldarlary bilen duşuşyp, söwda we ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.

Matwiýenko 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdarynyň 45 göterim köpelendigini we pandemiýadan öňki derejesinden hem ýokary geçendigini aýtdy.

Şeýle-de, Matwiýenko Russiýanyň Günbatara garşy jogap sanksiýalaryny girizjekdigini, sebäbi “Günbataryň hem özüne ýeterlik ynjyk ýerleriniň bardygyny” aýtdy.

Matwiýenkonyň sözlerine görä, Putiniň ýakyn wagtda Duşenbä resmi sapar etmegine garaşylýar. Emma ol bu saparyň takyk senesini aýtmady.

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada geçirilen maslahatlar Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň prezident Wladimir Putiniň Ukraina garşy “wagşyçylykly” çozuşyna jogap hökmünde, Russiýa garşy goşmaça sanksiýalary girizmek ylalaşygyna gelen wagtyna gabat geldi. Günbatar liderleri bu sanksiýalaryň Russiýa üçin “uly we agyr netijeleriniň” boljakdygyny aýtdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bir gün öň, Ukraina garşy agressiýasy sebäpli, Russiýa garşy berk ABŞ sanksiýalaryň ýene bir tapgyryny yglan etdi.

TASS-yň we Interfaks habar gullugynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG