Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Meredow saýlawlaryň öňýany Moskwa barýar. Näme üçin?


Raşid Meredow 2001-nji ýyldan bäri ýurduň daşary işler ministri wezipesini eýeleýär.

Türkmenistanyň baş diplomaty öňümizdäki hepde Moskwada özüniň russiýaly kärdeşi bilen duşuşar. Bu barada 16-njy fewralda RIA Nowosti gullugy rus daşary işler ministrliginiň resmi wekiliniň sözlerine salgylanyp habar berdi.

“22-nji fewralda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri jenap [Raşid] Meredow bilen gepleşik geçirer. Ol biziň ýurdumyza iş saparyny eder. Taraplar rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny, sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, şeýle-de iki ýurduň GDA, BMG, ÝHHG we elbetde Hazaryň ‘bäşligi’ ýaly köptaraplaýyn formatdaky özara gatnaşyklaryny maslahat ederler” diýip, Mariýa Zaharowa çarşenbe güni geçirilen brifingde mälim etdi.

Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň resmi websaýtynda bu gepleşikler barada düýbünden maglumat berilmeýär. Emma 17-nji fewralda ministrlik Meredowyň Lawrow bilen telefon arkaly gepleşik geçirendigini, onuň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny hem maslahat edendigini mälim etdi. “Ministrler Altynjy Hazar sammitiniň taýýarlygy bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler” diýip, beýanatda bellendi.

Türkmenistanyň syýasy durmuşynda uly täsire eýe bolan Meredowyň Russiýa sapary türkmen häkimiýetleriniň 12-nji martda irki prezidentlik saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Galyberse-de, munuň 12-nji fewralda yglan edilmeginden iki hepde töweregi öň, Meredow Aşgabatda Hytaýyň, ABŞ-nyň we Russiýanyň baş ilçileri bilen aýratynlykda duşuşyk geçiripdi. Ol 17-nji fewralda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň we agentlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary bilen hem gepleşikleri geçirdi.

Bilermenler türkmen baş diplomatynyň soňky günler ýygjamlaşan duşuşyklaryna ünsi çekip, onuň Merkezi Aziýany özüniň arka howlusy hasaplaýan Russiýa bilen öňümizdäki aý geçirilmeli prezidentlik saýlawlaryny maslahat etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Merhat Şaripžanow Russiýanyň soňky birnäçe ýylyň dowamynda dyzmaçlyk bilen alyp barýan geo-syýasatynyň hem uly täsiriniň bardygyny belleýär.

Merhat Şaripžanow
Merhat Şaripžanow

“Meredowyň Moskwa sapary juda möhüm. Bu soňky syýasy özgermeleriň fonunda juda gyzykly bolup görünýär. Bu, elbetde, [prezident] saýlawlaryna juda gyzgalaňly we başagaý ýagdaýda görülýän taýýarlyklara gabat geldi. Bu ýerde [prezident Wladimir] Putiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň Sowet soýuzy döwründe eýe bolan territoriýalaryny yzyna almak ugrunda edýän howsalaly tagallalaryny hem belläp geçmeli. Meselem Ukraina, Belarus, Gazagystan.... Russiýanyň Türkmenistandaky, hususan-da häkimiýetiň düzümindäki özgermeleri ýakyndan yzarlaýandygy we üns merkezinden düşürmeýändigi aýdyň. Meniň pikirimçe, Moskwa düşündiriş bermek üçin, türkmen wekilleriniň gelmegini özi talap eden bolmaly” diýip, Şaripžanow belledi.

Bilermenler prezident saýlawlaryna hem dalaşgär hökmünde hasaba alnan, şeýle-de aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýan prezidentiň ogly Serdaryň ikinji adam hökmünde ýurduň syýasy sahnasyna çykarylmagyndan soň, Meredowyň täsiriniň hem peselip başlandygyny belleýärler. Wezipe basgançaklaryndan uly tizlik bilen ýokary galdyrylan kiçi Berdimuhamedow 2018-2019-nji ýyllar aralygynda Meredowyň orunbasary hem bolupdy.

Şol bir wagtda, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer Kremliň Meredowy gepleşiklere çagyryp, nobatdaky täze häkimiýet döwründe oňa ‘el batyrmaly däldigi’ barada yşarat bermek isleýändigini aýdýar.

Brýus Panniýer
Brýus Panniýer

“Meredow Nyýazowyň döwründen hem soň häkimiýetde saklanyp galmagy başaran ýeke-täk ýokary derejeli resmidir. Ýurtda emeldarlaryň ýygy-ýygydan wezipelerinden aýrylýan wagty, ol iki prezidentiň döwründe-de daşary işler ministri wezipesinde saklanyp galdy. Bu onuň gowy bir maslahatçy, belki-de gowy bir hyzmatkär bolmagyndan bir yşaratdyr. Meniň pikirimçe, Moskwa hut Meredowyň gelmegini talap eden bolmaly. Rus resmileri ony gowy tanaýarlar. Bu Serdar üçin, haçanda häkimiýet çalşylanda, Raşid Meredowa el batyrmaly däldigi barada edilen bir duýduryşa meňzeýär” diýip, Panniýer 18-nji fewralda Azatlyga gürrüň berdi.

62 ýaşynyň içindäki Meredow 2001-nji ýyldan bäri ýurduň daşary işler ministri wezipesini eýeleýär. Ol 1982-nji ýylda Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlady.

Meredow 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri Türkmenistanyň dürli, şol sanda howpsuzlyk ulgamlarynda hem ýokary wezipeleri eýeledi. 2017-nji ýylda häkimiýet başyna Gurbanguly Berdimuhamedow gelenden soň, oňa ozalky awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýatyrylan wise-premýerlik wezipesi hem gaýtarylyp berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG