Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Wilniýus we Warşawa has güýçli herekete çagyransoň, Orban ÝB-niň ähli sanksiýasyny goldajakdygyny aýtdy


Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Beregsurany serhet geçelgesine sapar etdi.

Wengriýa Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa garşy girizen ähli sanksiýasyny goldaýar we hiç bir çäräniň öňüni baglamaýar diýip, premýer-ministri Wiktor Orban 26-njy fewralda Ukraina-Wengriýa serhedinde eden gürrüňinde aýtdy.

"Wengriýa biziň ähli sanksiýany goldaýandygymyzy açyk aýtdy, şonuň üçin biz hiç çäräniň öňüni almarys, Ýewropa Bileleşiginiň premýer-ministrleri nähili ylalaşyp bilseler, biz ony kabul edýäris we goldaýarys" diýip, ol iňlis dilinde žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

"Bu birleşmegiň wagty. Bu uruş" diýip, ol aýtdy we parahatçylyk tagallalarynyň iň möhüm tagalladygyny sözüniň üstüne goşdy.

Mundan öň Wengriýanyň Russiýanyň SWIFT global töleg ulgamyna elýeterliligini togtatmak meselesinde Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň arasynda şindi hem yza çekilýän ýurtlaryň biridigi habar berildi.

Kiýew Russiýanyň ykdysadyýetine gaty basym täsir etjekdigini aýdyp, Moskwanyň SWIFT global töleg ulgamyndan çetleşdirilmegine çagyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG