Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen saýlawlary halkara maglumat çeşmelerinde nähili şöhlelenýär?


Synçylar Türkmenistanyň mirasdüşerlik meýillerine soňky birnäçe ýyl bäri ünsi çekip gelýär.
Synçylar Türkmenistanyň mirasdüşerlik meýillerine soňky birnäçe ýyl bäri ünsi çekip gelýär.

Dünýä Türkmenleriniň geçen sany Merkezi Aziýa synçylarynyň türkmen saýlawlary babatda beýan eden garaýyşlaryna we bildiren reaksiýalaryna gönükdirildi. Programmamyzyň bu sany käbir halkara maglumat çeşmeleriniň türkmen saýlawlaryna berýän synlaryna nazar aýlaýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlary golaýlaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi özleriniň saýlawlardan tamalarynyň ýokdugyny, ses berişlikden soň hem uly özgerişe garaşmaýandyklaryny aýdýarlar. Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly halkara synçy guramalary tarapyndan “erkin we adalatly” hasaplanmady. Galyberse-de, ýerli we halkara synçylar ýetip gelýän türkmen saýlawlaryna ýurduň iň ýokary döwlet wezipesini atadan ogla geçirmek synanyşygy hökmünde syn berýärler.

Türkmen saýlawlary halkara maglumat çeşmelerinde nähili şöhlelenýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Türkmenistanyň işden gidýän prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýeke-täk ogly, 40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine dalaş edýär. Merkezi saýlaw topary onuň bilen bäsleşjek sekiz dalaşgäri bellige aldy. Ýöne sekiz dalaşgäriň hiç haýsy ýurduň syýasy sahnasynda ozal tanalmaýardy. Olaryň arasynda iň ýokary wezipelisi sebit häkiminiň orunbasary diýilse nätakyk bolmaz.

Ýöne saýlawlar hem-de saýlaw möwsüminiň guramaçylygy döwlet metbugatynda adyl we aýdyň saýlawlara mysal hökmünde taryplanýar.

Şol bir wagtda, daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýa wekilleriniň birnäçesi hem prezident wezipesine özleriniň dalaşgärligini yglan etdiler. Ýöne olary bellige almak işleriniň barşy we beýleki jikme-jiklikler mälim däl.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryň hasabatlaryna görä, Türkmenistan raýat we syýasy azatlyklar babatda öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirmeýär. Adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça çap edilýän halkara hasabatlarda Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda iň pes orunlary eýeleýär. Türkmenistanly bir garaşsyz žurnalistiň ozalam aýdyşy ýaly, döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdeleri diňe prezidenti öwmek, ony butlaşdyrmak bilen meşgul bolýar. Ýurtda hiç hili hakyky oppozisiýa ýok. Tankytçylara görä, häkimiýetler ýurduň içinde we daşynda özge pikirli raýatlara çydamlylyk görkezmeýär. Hökümeti aç-açan tankyt etmäge milt edýän adamlara garşy wagtal-wagtal “dönüklik” aýyplamalary ýöňkelýär. Raýatlaryň ýygnanyşmak azatlygynda peýdalanmaklary üçin, tankytçylara görä, asla şert döredilmeýär.

Özge pikirleriň kemala gelmegine garşy häkimiýetler tarapyndan ýyllar boýy ýöredilen basyş kampaniýalary zerarly ýurtda erkin saýlawlaryň geçirilmegine bil baglamak nä derejede makul hasaplanar?

Şu we şuňa meňzeş beýleki soraglara käbir halkara maglumat çeşmeleriniň Türkmenistanda geçiriljek saýlawlar barada çap edýän synlaryna salgylanyp, jogap tapmaga synanyşaly!

Saýlaw uçastogy. Arhiw suraty. 2007-nji ýylyň 11-nji fewraly. Aşgabat
Saýlaw uçastogy. Arhiw suraty. 2007-nji ýylyň 11-nji fewraly. Aşgabat

“The Diplomat” neşirinde 15-nji fewralda Katerin Putz tarapyndan çap edilen makala Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara “dinastik mirasdüşerlige taýýarlyk” hökmünde baha berdi.

Makalanyň esasy bölegi Türkmenistanyň syýasy sahnasynda 11-14-nji fewral aralygynda bolup geçen wakalara iňlis dilli okyjylara gürrüň berýär. Ýene bir gezek ýatlasak, 11-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti dolandyrmagy ýaş ýolbaşçylara ynanmagy makul hasaplaýandygyny aýdyp, işden çekilmek niýetini ýaňzytdy. Munuň yz ýany, 14-nji fewralda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine dalaşgär hödürlendi.

Synçylar Türkmenistanyň mirasdüşerlik meýillerine soňky birnäçe ýyl bäri üns çekip gelýär. Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimi, ministr, gözegçilik palatasynyň başlygy we hökümet başlygynyň orunbasary ýaly wezipelere bellenildi.

“The Diplomat” Türkmenistanda irki prezident saýlawlaryny geçirmek barada kabul edilen kararyň gazak wakalarynyň yz ýanyna gabat gelendigini nygtaýar. Ýene bir gezel ýatlasak, Türkmenistanyň demirgazyk goňşusy Gazagystanda ýanwaryň başlarynda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň birden ýokarlanmagy bilen tutaşan köpçülikleýin protestler soňy bilen gozgalaňa öwrüldi we gazak häkimiýetleri öz ilatynyň nägileligini basyp ýatyrmak üçin Russiýa ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan harby ýardam sorady.

“Her niçik-de bolsa, bu, Türkmenistan üçin möhüm geçiş öwrümi. Ýaşuly Berdimuhamedow dinastik mirasdüşerlige hyjuwlanýan bolmagy mümkin, ýöne bu uzak möhletde mirasdarlygyň meýilleşdirilişi ýaly başa barjakdygyny aňlatmaýar. Gazagystan tolkunlaryň ozal sylag-sarpasy belent tutulan liderlere garşy nädip çalt baş göterip bilýändigine we gözegçilik astynda amala aşyrylýan geçişiň ýoldan çykyp bilýändigine aýdyň mysal bolup durýar” diýip, awtor belleýär.

Gazagystanda häkimiýet nesilden-nesile geçirilmedi. Ýurduň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 2019-njy ýylyň martynda garaşylmadyk ýagdaýda işden çekilende ýurtda gözegçilik astynda amala aşyrylan geçiş boldy we Kasym-Žomart Tokaýew prezident wezipesini eýeledi. Nazarbaýew döwlet strukturalarynda öz täsirini saklap galdy, Howpsuzlyk geňeşine ýolbaşçylyk etdi. Ýöne ýanwar gozgalaňy bilen Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy wezipesinden mahrum edildi.

“Maşgala baglanyşygy kiçi Berdimuhamedowy kakasynyň mirasyna has ykjam daňyp biler, ýöne bu ýagdaý maşgala goşlaryny hem öz ýany bilen getirýär” diýip, Katerin Putz “The Diplomat” neşirinde çap eden makalasynda ýazýar.

2006-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soňra, häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow, synçylara görä, ilkibaşda her näçe reforma wadalaryny jomartlarça eçilen hem bolsa, ýurtda soňy bilen repressiw syýasat dowam etdi.

Eýsem, saýlawlarda “ýeňiş gazanmagyna” giňden garaşylýan Serdar Berdimuhamedowyň dolandyryşy nähili özgertmeleri öz ýany bilen getirer? Türkmenistany yzarlaýan analitikleriň tas ählisi diýen ýaly bu soragyň jogaby boýunça ylalaşýar: özgeriş tamasy puç hyýal.

Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul hasaplaýandygynyň sebäbini olaryň “häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelendigi” bilen düşündirdi. Ýöne Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyndaky Demokratik partiýa tarapyndan ýokary wezipä dalaşgär hödürlenende, eger prezident wezipesine saýlanan ýagdaýda, döwleti dolandyrmakda mundan beýläk-de “ata-babalaryň ruhy mirasyna ýugrulan ýol-ýörelgelerden” ugur aljakdygyny aýtdy. Gysgaça aýdylanda, Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet dolandyrylyşynda “täzeçilligi” nygtasa-da, Serdar Berdimuhamedow “köneçillige wepalylyga” üns çeken ýaly boldy.

Düýbi Tokioda ýerleşýän “Nikkei Asia” neşiri Türkmenistandaky irki prezident saýlawlary barada 17-nji fewralda çap eden makalasynda hem Türkmenistanda syýasatyň üýtgewsiz galmak ähtimallygyna degip geçdi.

“Serdar kakasy aýatda diri wagty uly özgerişliklere baş goşmaz. Bu onuň kakasynyň syýasatyna kölege salar” diýip, iňlis dilli ýapon neşiri turkmen.news neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýewiň sözlerini getirdi.

“Şeýle-de bolsa, halk köpçüliginiň goldawyny we halkara derejesinde ykrar edilmegi gazanmak üçin Serdar iň bolmanda bir zatlar etmeli bolar. Ýeňil-ýelpaý özgertmeler bolmagy mümkin, ýöne men uly üýtgeşmelere garaşmaýaryn” diýip, Mätiýew ýapon neşirine beren interwýusynda aýdypdyr.

“Pynhan Türkmenistan häkimiýetiň atadan ogla geçirilmegini çaltlandyrýar” ady bilen çap edilen makala Türkmenistanda şu wagta çenli hiç haçan abraýly halkara synçylar tarapyndan erkin we adalatly ykrar edilen saýlaw geçirilmändigini okyjylara ýatladýar.

Şeýle-de, neşir Türkmenistanda häkimiýetiň atadan ogla geçirilmegine öňden bäri garaşylýandygyny aýdyp, ýöne muny amala aşyrmak üçin saýlanyp alnan wagtyň synçylary geň galdyrandygyny aýdýar.

Ýapon neşiri hem Türkmenistanda irki prezident saýlawlarynyň bellenilmeginiň sebitiň çarkandakly döwri başdan geçirýän wagtyna gabat gelendigini aýdýar we gazak wakalaryny mysal getirýär.

“Kiçi Berdimuhamedow çynlakaý bäsdeşlige sezewar bolmaz. Onuň kakasy Türkmenistanda 2017-nji ýylda geçirilen soňky saýlawlarda 97 göterim ses aldy, resmi taýdan dalaşgär hödürlenen sekiz garşydaş bolsa sesleriň galan 3 göterimini paýlaşdy” diýip, ýapon neşiri bäş ýyl mundan ozal Türkmenistanda geçirilen soňky prezidentlik saýlawlary barada maglumat berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik möhleti 2024-nji ýylda tamamlanmalydy. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna görä, ýurtda prezidentlik möhleti ýedi ýyl. Ýöne iş başyndaky prezident üznüksiz wezipä dalaş edip bilýär.

“Ägirt uly nebit-gaz gorlaryna garamazdan, ýurt agyr ykdysady problemalara sezewar bolýar, garyp düşen ilat esasy iýmit önümleriniň ýetmezçiligini we gymmatçylygy başdan geçirýär” diýip, ýapon neşiri ýazýar.

Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine saýlansa durmuş-ykdysady taýdan halys düşen ýurdy kakasyndan miras alar.

“Nikkei Asia” neşiri Türkmenistanda meýilleşdirilýändigi giňden çak edilýän häkimiýet çalşygyny 2003-nji ýylda Azerbaýjanda döwlet baştutanlygynyň atadan ogla geçirilmegi bilen deňeşdirýär. Ilham Aliýew şol wagt kakasy Gaýdar Aliýewden prezidentligi miras alanda 41 ýaşyndady. “Ýöne Gaýdar Aliýew şol wagta eýýäm ýarawsyzdy we ýokary wezipäni tabşyrandan iki aý soňra aradan çykdy” diýip, ýapon neşiri ýazýar.

Türkmenistanda döwlet baştutany wezipesi atadan ogla geçen ýagdaýynda, bu öňki Sowet Soýuzyna girýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda “dinastik mirasdüşerligiň ýeke-täk mysaly bolar”.

Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlary barada ilkinji bolup, 12-nji fewralda AFP habar agentligi habar berdi

BBC, CNN, Washington Post, France 24, DW ýaly iri media guramalary hem möhletinden öň geçirilýän türkmen saýlawlary barada habar berdi.

Habarlarda Türkmenistandaky awtoritar dolandyryşa, ynsan hukuklarynyň kemsidilmegine, döwlet baştutanynyň özbaşdak güýmenjelerine üns çekilýär.

Düýbi Dohada ýerleşýän Al-Jazeera neşiri irki saýlawlar barada beren habarynda Türkmenistanda döwletiň iň görnetin kemçilikleriniň hem köpçülikde ara alnyp maslahatlaşylmagyna rugsat berilmeýändigini aýdýar, ýurtda maglumatyň doly gözegçilikde saklanýandygyny belleýär.

“The Diplomat” neşiri 19-njy fewralda türkmen saýlawlary barada ýene bir makala çap etdi. ABŞ-nyň Jorj Waşington uniwersitetiniň professory Sebastian Peyrouse tarapyndan ýazylan makala Türkmenistanda geçiriljek irki prezidentlik saýlawlaryndan soňra täze prezidentiň reforma mümkinçiliklerine syn edýär.

Peyrouse hem irki prezidentlik saýlawlarynyň gyssagly yglan edilmegini geň görýär, Gurbanguly Berdimuhamedowyň dowam edýän prezidentlik möhletiniň heniz tamamlanmandygyny, galyberse-de, onuň gaýtadan prezidentlige dalaş edip bilýändigini aýdýar. Peyrouse hem beýleki synçylar ýaly Türkmenistanda irki saýlawlaryň wagtynyň bellenilmegi babatynda gazak wakalaryna salgylanýar, ýöne prezidentiň saglyk ýagdaýyny hem ünsden düşürmeýär.

“Serdar saýlawlarda şübhesiz ýeňiş gazanar. Türkmenistanda hakyky köppartiýalylyk ulgamy ýok we hiç haçan halkara ülňelere gabat gelýän saýlaw geçirmedi” diýip, awtor aýdýar.

Türkmenistanda, synçylara görä, göz üçin 2012-nji ýylda Senagatçylar we Telekeçiler partiýasy, 2014-nji ýylda Agrar partiýasy döredildi. Ýöne olar häkimiýet başyndaky partiýa hakyky garşylyk görkezmeýärler.

Makala Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçen ýagdaýynda Türkmenistanda syýasy, ykdysady we sosial reformalaryň amala aşyrylmak mümkinçiliklerine, galyberse-de, ösüş we özgerişe goldaw bermek üçin halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň pursaty elden berip-bermezligine syn edýär.

Makaladan çen tutulsa, kiçi Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçen ýagdaýynda hem döwlet syýasatynyň üýtgewsiz galjakdygyny çaklamaga esas bar. Galyberse-de, ogul prezident wezipesini eýelese-de, ata döwlet häkimiýetinde öz ornuny saklap galýar. Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň syýasy we durmuş tejribelerini Halk Maslahatynyň başlyklygyna gönükdirjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň parlamenti sanlyja ýyl mundan ozal Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen iki palataly ulgama geçirildi. Ýerine ýetiriji häkimiýete we döwlet häkimiýetine baştutanlyk edýän prezident Türkmenistanyň Baş kanunyny bozup, gidip, geçen ýylyň aprelinde parlamentiň ýokarky palatasy bolan Halk Maslahatynyň agzasy we başlygy boldy.

Ýöne Peyrousyň ynanjyna görä, her näme-de bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen deňeşdirilende Serdar Berdimuhamedowy kakasyndan tapawutlandyrýan käbir ýagdaýlar bar. Meselem, ol daşary ýurtda ýokary bilim aldy. Kiçi Berdimuhamedow Moskwada diplomatiýa ugrundan Ženewada bolsa halkara howpsuzlygy ugrundan ýokary bilim aldy.

Peyrous Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurt tejribelerine salgylanyp onuň dolandyryşynda ýurduň gapylarynyň daşary ýurt hyzmatdaşlary üçin açylmagynyň mümkindigini çaklaýar.

Makalanyň awtory Türkmenistanda açyklygyň ABŞ we beýleki Günbatar ýurtlary bilen has ýakyn hyzmatdaşlyga ýola açyp biljekdigini aýdýar. Awtor şeýle açyklyk başa baran halatynda ABŞ we ugurdaş ýurtlar esasan syýasy režime ýa-da elita gatlaga däl-de, türkmen halkyna bähbit getirjek pudaklara maýa goýmaly diýýär.

25-nji fewralda “Forbes” neşiri Türkmenistanyň irki prezident saýlawlarynyň töweregindäki ýagdaýlar barada has uly göwrümli makala çap etdi.

Ariel Koheniň awtorlygynda ýazylan syn Türkmenistandaky häkimiýet geçişiniň goňşy döwletler üçin uly özgerişleri aňladýandygyny aýdýar.

Awtor öz makalasynda Türkmenistanda häkimiýet geçişi ýurduň açylmagyna we bölekleýin reformalara getirip biler diýýär.

“Forbes” Türkmenistanyň iň esasy girdeji çeşmesi bolan ýangyç eksport ugurlaryny seljerýär, Hytaý we Russiýa ugry boýunça iberilýän tebigy gaz barada gürrüň edýär, galyberse-de, Türkmenistanyň energiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçiliklerine syn edýär.

“Günbatar bilen dialoga açyk täze prezident Türkmenistana bähbit getirip biler, Merkezi Aziýanyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly. Özbegistanda we Gazagystanda häkimiýet täze nesle geçdi we raýat jemgyýeti ösýär” diýip, Kohen aýdýar.

“Eger-de Türkmenistanyň täze prezidenti bu ýurdy liberallaşdyryp bilse, bu öz geljegini ösdürer hem-de alyjylary diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly Aşgabadyň energiýa howpsuzlygyna ýardam eder” diýip, awtor aýdýar.

Ol ýurduň liberallaşdyrylmagynyň diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem, Russiýa bilen düşünişmezlikleri başdan geçirýän Ýewropa üçin hem bähbit getirjekdigini aýdýar.

“Ýöne munuň hakykata öwrülmegi üçin entek köp zat bolup geçmeli” diýip, Kohen aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG