Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň goşuny Harkowa girdi, agyr çaknyşyklaryň arasynda Kiýew hüjüme taýýarlanýar


Ukrain esgerleri Wasylkiw bazasynda. 27-nji fewral
Ukrain esgerleri Wasylkiw bazasynda. 27-nji fewral

Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň iň uly ikinji şäheri Harkowa girdiler. Bu aralykda, 27-nji fewralda paýtagt Kiýewde ýaşaýjylar uly we başga-da partlamalaryň bolandygyny aýdýarlar. Russiýanyň öz goňşusyna garşy urşy ýaýbaňlandyrýan wagty, Günbatar güýçleri Moskwanyň agressiýasyna jogap edip, oňa garşy täze sanskiýalary girizýändigini yglan etdiler.

Harkowyň regional administrasiýasynyň başlygy Oleh Sinehubowyň sözlerine görä, ukrain güýçleri şäherde Russiýanyň goşunyna garşy söweşýärler. Ol raýatlary öýlerinden çykmazlyga çagyrdy.

Ukrain resmileri tarapyndan ýaýradylan wideolarda Russiýanyň harby ulaglarynyň şäheriň köçelerinden barýandygyny we ýene ýeňil ulaglaryň ýanyp durandygyny synlasa bolýar.

Bu aralykda, Kiýewiň günorta-gündogar sebitinde gije-ýaryndan soň uly partlama boldy. Habar serişdeleri harby ýag-ýangyç deposynyň parlandygyny çaklaýarlar. Hadysa bilen bagly adam ýitgileri barada bada-bat maglumat elýeterli däl.

Resmiler Russiýanyň Kiýewiň günortasynda ýerleşýän Wasylkiwdäki ýag-ýangyç deposyny nyşana alandyklaryny aýdýarlar.

“Duşman ähli zady weýran etmek isleýär” diýip, Wasylkiwiň häkimi Nataliýa Balasinowiç aýtdy.

Russiýanyň güýçleri Wasylkiwdäki ukrain howa bazasyndaky ýag-ýangyç deposyna garşy artilleriýa toplary we aýdylmagyna görä ballistik raketalary hem ulanypdyrlar. Partlamanyň tolkuny ençeme kilometr uzaklykda ýerleşýän jaýlaryň penjirelerini sarsdyrdy we onuň ýalynlary Kiýewiň merkezinden hem has ileri sebitlerde göründi. Russiýanyň güýçleriniň bu howa bazany ele geçirmek ugrundaky synanşyklarynyň arasynda, soňky birnäçe günüň dowamynda onuň gözegçiligi üstünde uly çaknyşyklar dowam edýär. 27-nji fewraldaky ýagdaýlara laýyklykda, baza Ukrain hökümetiniň kontrollygynda bolmagynda galýar.

Kiýewiň merkeziniň günbatar sebitlerinde hem partlamalaryň sesleri, şeýle-de howa zarbasy baradaky duýduryşlar eşidildi.

Harkowyň golaýynda çaknyşyklaryň dowam edýändigi baradaky maglumatlaryň fonunda, prezident Wolodymyr Zelenskiniň edarasy Russiýanyň güýçleriniň şäheriň gaz turbasyny ýarandyklaryny aýtdy. Munuň netijesinde, hökümet raýatlara syzýan dumandan goranyp bilmekleri üçin aýnalaryny çyg esgi bilen örtmegi maslahat berdi.

Zelenskiniň edarasy Žuliany raýat aeroportynda hem partlamanyň bolandygyny aýtdy.

Ukrainanyň armiýasy paýtagta edilýän hüjüm liniýasyny saklaýandygyny, şol bir wagtda şähere giren “sabotaž toparlaryna” garşy hem söweşýändigini aýdýar. Paýtagtda adamlar Russiýanyň güýçleriniň doly gerimli hüjüme geçmek aladalaryň arasynda jaýlaryň ýerzeminlerinde, ýerasty duralgalarda we metro stansiýalarynda ýygnandylar.

“Biz ýurdumyzy azat edýänçäk söweşeris” diýip, Zelenski wideo-ýüzlenmesinde aýtdy.

Ol Moskwanyň Ukrainanyň ilatly nokatlaryna garşy bomba hüjümleri amala aşyrýandygyny hem belledi.

Ukrain lideri öz ýurdunyň Russiýa bilen parahatçylyk gepleşiklere taýýardygyny, emma munuň Belarusda geçirilmegine garşydygyny aýtdy. Ol muňa alternatiwa hökmünde Warşawany, Bratislawany, Stambuly, Budapeşti ýa-da Bakuwy hödürledi. Zelenski gepleşikleriň başga ýerde hem geçirilip bilinjekdigini aýtdy. Emma Russiýanyň munuň üçin Belarusy saýlamagyna garşy çykdy.

“Eger-de siziň territoriýaňyzdan agressiw hereket bolmadyk bolsa, biz Minskde hem gürleşip bilerdik... Gepleşikleri başga şäherlerde hem geçirip bolar” diýip, ol aýtdy.

27-nji fewralda irden Kreml Ukrainanyň resmileri bilen gepleşikleri geçirmek üçin Russiýanyň delegasiýasynyň Belarusyň Gomel şäherine gelendigini aýtdy.

Günbatar ekspertleri Ukrainanyň güýçleriniň Russiýanyň çozuşyna garşy garaşylyşyndan has berk gaýtawul berýändiklerini aýdýarlar.

Ukrainanyň saglyk ministri Wiktor Lýaşkonyň 26-njy fewralda beren maglumatyna görä, Russiýanyň çozuşynda 198 adam öldürilipdir we başga-da müňe golaýy ýaralanypdyr.

Russiýa öz ýitgileri barada maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG