Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda 200-den gowrak adam tussag edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň häkimiýetleri 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna dürli çäreler bilen taýýarlyk görýär. Saýlawlara taýýarlyk çäreleriniň çäginde häkimiýetler reýdleri geçirip, ten we psihotrop maddalarynyň söwdasy bilen bagly 200-den gowrak adamy tussag etdi. Şeýle-de, olar ilatyň gijeki hereketine gözegçiligi güýçlendirdiler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi paýtagtdan habar berýär.

Aşgabadyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki ynamdar çeşmämiziň habarçymyza aýtmagyna görä, soňky bir hepdäniň dowamynda ten we psihotrop maddalarynyň söwdasyny edýän we olary satyn alýan raýatlara garşy reýdler geçirildi.

Milli howpsuzlyk ministrliginiň raýat geýimli işgärleri we paýtagtyň polisiýa müdirliginiň işgärleri tarapyndan geçirilen reýdlerde 220 çemesi adam tussag edildi.

"Olaryň arasynda aýal maşgalalar we erkek adamlar bar. Olar "Arzuw" deslapky tussaghanada saklanýar. Bu adamlar babatynda eýýäm sud işi gozgalyp, häzir kazyýet kararyna garaşylýar. Olar, ýurduň jenaýat kodeksine laýyklykda, bir ýyldan sekiz ýyla çenli iş kesilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Ol bu reýdleriň Milli howpsuzlyk ministrliginiň we paýtagtyň polisiýa müdirliginiň işgärleriniň döwlet we şahsy ulaglarynda geçirilendigini hem belledi.

"Bu reýdler Aşgabadyň dürli köçelerine, myhmanhanalaryna, şol sanda Arçabil şaýolunyň ugrundaky myhmanhanalaryň birnäçesine amala aşyryldy. Bu çäreleriň saýlawlara taýýarlyklaryň bir bölegidigi aýdylýar, ýöne sebäpleri düşündirilmeýär" diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.

Azatlykda bu myhmanhanalaryň atlary barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

"Bu myhmanhanalarda kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň ten söwdasynyň bolýandygy barada ene-atalardan onlarça arza degişli edaralara gelip gowuşdy" diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak üçin paýtagtyň Polisiýa müdirligi bilen habarlaşdy. Telefona jogap beren resmi "Bizde bular ýaly zatlar barada maglumat ýok. Bu maglumatlary bu zatlar bilen meşgullanýan edaralardan soraň" diýip, telefony goýmak bilen boldy. Redaksiýamyz bu barada MHM-den kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň we syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, ten söwdasy bilen meşgullanýanlara, zähmet-düzediş dispanserlerinde alkogolizme garşy bejergi alan adamlara we ozal kazyýet jogapkärçiligine çekilen raýatlara gözegçiligi güýçlendirýär. Olar muny "asudalygy saklamak, howpsuzlygy ýokarlandyrmak çäreleri" diýip düşündirýärler.

Şu günler saýlawlara taýýarlyk çäreleriniň çäginde häkimiýetler gije sagat 11-den soň raýatlaryň hereketine gözegçiligi hem güýçlendirdi. Aşgabadyň köçelerinde nobatçylyk çekýän kanun goraýjy edaralaryň işgärleri "maksatsyz köçede ýöreýän" raýatlary, hususan-da, ozal kazyýet jogapkärçiligine çekilen adamlary saklaýarlar.

"Olardan nirä barýandyklary, näme üçin barýandyklary soralýar" diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Ýatlatsak, turkmen.news neşiri özüniň 23-nji fewralda çap eden habarynda ozal kazyýet jogapkärçiligine çekilen raýatlaryň we zähmet-düzediş dispanserlerinde alkogolizme garşy bejergi alan adamlaryň 16-njy marta çenli her gün polisiýa bölümlerine baryp, özlerini bellige aldyrmalydygyny habar beripdi.

Türkmenistanda duýdansyz yglan edilen irki prezident saýlawlary 12-nji martda geçirilýär. Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wezipesinden çekilmek niýetini mälim etdi.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň sanawyna görä, ýurduň syýasy durmuşynda tanalmaýan sekiz dalaşgär we Serdar Berdimuhamedow prezidentlik wezipesi ugrunda bäsleşer.

Ýerli we halkara synçylar ýetip gelýän türkmen saýlawlaryna ýurduň iň ýokary döwlet wezipesini atadan ogla geçirmek synanyşygy hökmünde syn berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG