Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentlik saýlawlaryna golaý COVID çäklendirmeleri ‘gowşadylar’


Türkmenistanda ýanwarda girizilen nobatdaky petiklenme çäreleri COVID-19 hadysalarynyň köpelmeginiň fonuna gabat geldi.
Türkmenistanda ýanwarda girizilen nobatdaky petiklenme çäreleri COVID-19 hadysalarynyň köpelmeginiň fonuna gabat geldi.

Türkmenistanda 12-nji martda geçirilmeli irki prezidentlik saýlawlaryna gabat ýurtda koronawirus aladalary bilen bagly girizilen çäklendirmeleri gowşatmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ýagdaýlardan habarlary çeşmeler maglumat berýärler, şeýle-de paýtagtda öýme-öý aýlanýan poçta işgärleri mälim edýärler. Ýurtda koronawirusyň ýokdugyny tekrarlaýan türkmen emeldarlarynyň muny saýlawlaryň öňýany ilatyň dowam edýän ykdysady çökgünlik sebäpli nägilelik duýgularyny peseltmek niýeti bilen amal edýändikleri hem bellenilýär.

“1-nji martdan başlap Türkmenabatda karantin çäklendirmelerini biraz gowşatmak, şol sanda söwda merkezlerindäki egin-eşik dükanlaryny, dellekhanalary, gözellik salonlaryny, toý dabarasyny geçirmek üçin restorandyr kafeleri gaýtadan açmak planlaşdyrylýar. Emma uly, şol sanda awtoulag bazarlary, olaryň ätiýaç şaýlaryny satýan dükanlar ýapyklygyna galar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli resmileriň biri atlandyrylmasyzlyk şerti bilen 28-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol ýene iki hepde töweregi wagtdan geçirilmeli irki prezidentlik saýlawlaryna, şeýle-de 8-nji mart aýal-gyzlar gününe golaý Lebabyň dolandyryş merkezindäki seýilgähleriň açylmagyna, şeýle-de kiçi söwda çadyrlarynyň hem ornaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy hem soňky günler öýme-öý aýlanýan poçta işgärleriniň-de öňümizdäki aýdan başlap käbir çäklendirmeleriň gowşadylyp başlanjakdygy barada “buşlaýandyklaryny” aýdýarlar.

“Poçta işgärleri käbir çäklendirmeleriň gowşadyljakdygyny, dükanlaryň açyljakdygyny, sebitara ýollaryň gaýtadan ýola goýuljakdygyny aýdýarlar. Olar munuň hamala häkimiýetleriň ilatyň aladasy sebäpli amal edilýändigini ynandyrjak bolýarlar. Emma görnüşinden olara häkimiýetlere gerekli maglumatlary ilat arasynda ýaýratmak tabşyrylypdyr” diýip, şeýle ýagdaýlary başga-da birnäçe tanyşynyň başdan geçirendigini aýdýan, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistan resmi derejede öz ýurdunyň çäginde koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlap gelýär. Emma Azatlykda we beýleki garaşsyz neşirlerinde ýurtda bu ýokanç bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň hem köpdügi baradaky berilýän maglumatlaryň arasynda, ýurtda berk çäklendiriji düzgünler girizilýär.

Azatlyk çäklendirmeleriň martdan başlap gowşadyljakdygyny ýurduň Saglyk ministrligine, degişli sebitleriň häkimliklerine resmi ýagdaýda tassykladyp bilmedi.

Şol bir wagtda, ýurtdaky hereket edýän bu çäklendirmeleriň, esasan hem maska režiminiň polisiýanyň raýatlara jerime ýazmagy, kä halatlarda bolsa, haýbat atyp, para talap etmegi ýaly ýagdaýlara hem ýol açýandygy nygtalaýar.

“Ýol polisiýasy ulagda maskasyz sürüjini ýa ýolagçyny görse, ony saklap dessine 21 manat jerime ýazýar. Polisiýa ‘bize günde üç adama jerime ýazmak plany berildi’ diýip, dellekhanalara hem aýlanyp, ol ýerde saçyny oňardyp oturanlardan hem pul soraýarlar. Emma bu pullaryň döwlete geçýändigi gümana, sebäbi polisiýa hiç hili kwitansiýa bermeýär, puly jübüsine salyp gidýär” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan türkmenabatlylaryň biri habarçymyza aýtdy.

Türkmenistanda ýanwarda girizilen nobatdaky petiklenme çäreleri COVID-19 hadysalarynyň köpelmeginiň fonuna gabat geldi. Şonda Lebap welaýaty giriş we çykyş üçin çäklendirildi. Käbir ilatly punktlar doly ýapyldy, ilata sebitleriň arasynda hereket etmek gadagan edildi. Ýurduň häkimiýetleri çäklendirmeleriň sebäplerini resmi taýdan düşündirmediler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG