Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda COVID-a garşy ‘buster’ sanjymlary urulýar, çäklendirmeler gowşadylmaýar


Türkmenistan öz çäginde koronawirusyň hasaba alynmandygyny öňe sürýär.
Türkmenistan öz çäginde koronawirusyň hasaba alynmandygyny öňe sürýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän wagty, ýurduň dürli künjeklerinde ilata COVID-a garşy üçünji, ‘buster’ sanjymlaryny urup başlady. Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary häkimiýetleriň saýlawlaryň öňüsyrasy käbir COVID çäklendirmelerini gowşatmagy göz öňünde tutýan döwri, koronawirus hadysalarynyň entegem ýüze çykarylýandygyny aýdýarlar.

“Maryda 20-70 ýaş aralygyndaky raýatlaryň ählisine koronawirusa garşy üçünji sanjym urulýar. Häkimiýetler ‘öňüni alyş çäreleri’ diýip, döwlet edaralaryndaky işgärleri hem öz hasaplaryna COVID testinden geçmeli edýärler. Munuň üçin 100 manat bermeli” diýip, maryly býujetçileriň biri 1-nji martda atlandyrylmasyzlyk şerti bilen Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan iki hepde töweregi ozal, Aşgabatda we Lebapda hem ilata ‘buster’ sanjymlary urlup başlandy. Ýerli habarçylarymyz adamlara Russiýanyň ‘Sputnik Laýt’ waksinasynyň berilýändigini, şeýle-de üçünji sanjymy urdurmadyklara öz sebitiniň daşyna çykmagyna rugsat berilmeýändigini hem belläpdiler.

Türkmenistan geçen ýylyň iýulynda COVID-19 waksinasyny hökmany etdi.

Bu aralykda, Marydaky habarçymyz welaýatyň käbir sebitlerinde, hususanda Serhetabat etrabynda koronawirusa ýoluganlaryň ýüze çykarylýandygyny aýdýar.

Türkmenistan şu wagta çenli öz çäginde resmi taýdan hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady, ýöne pandemiýanyň dowamynda hökmany maska režimi, sebitara hereket çäklendirmeleri ýaly mejbury düzgünleri ornaşdyrdy. Mundan başga-da, dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň birinden syzyp çykýan maglumatlarda, wirusa ýolguýanlaryň, ondan heläk bolýanlaryň hem köpdügi nygtalýar.

Mundan öň, türkmen emeldarlary 12-nji marta bellenen irki prezidentlik saýlawlaryna gabat şu aýdan başlap käbir çäklendirmeleriň gowşadylyp başlanjakdygyny näresmi ýagdaýda ýaňzydypdylar. Bularyň çäginde söwda merkezlerindäki egin-eşik dükanlaryny, dellekhanalary, gözellik salonlaryny, toý dabarasyny geçirmek üçin restorandyr kafeleri gaýtadan açmak, sebitara gatnawlaryny täzeden ýola goýmak planlaşdyrylýandygy bellenipdi.

Emma Azatlygyň Marydaky habarçysy 1-nji martda ähli çäklendirmeleriň henizem saklanyp galýandygyny, şol sanda raýatlaryň öz ýaşaýan etraplarynyň daşyna çykmagyna hem rugsat berilmeýändigini gürrüň berdi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda ýurduň Saglyk ministrliginden we degişli sebitleriň häkimliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG