Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara maska gadaganlygy güýçlenýän mahaly, prezident karantin çärelerini dowam etdirmegi tabşyrdy​​​​​​​


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda polisiýanyň ilata gözegçiligi ýene güýçlenip, gara maskaly awtoulag sürüjilerini tutmak boýunça reýdler geçirilýär. Garaşsyz neşir gara maska gadagançylygynyň ýurduň sebitlerine hem baryp ýetendigini habar berýär. Bu habarlaryň arasynda, pandemiýanyň başyndan bäri Türkmenistanyň çäginde koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen prezidenti "ýurtda öňüni alyş arassaçylyk çärelerini geçirmegi dowam etmegiň maksadalaýykdygyny" belledi.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň paýtagtyndaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, polisiýa gara maska dakynan raýatlara jerime salmak işlerine dekabryň birinji ýarymynda girişdi we bu çäreler şu günler gaýtadan güýçlendi.

Gara maskaly saklanan sürüjileriň aglabasy pul jerimesini tölemäge mejbur boldy. Ýurtda maskasyz saklanan raýatlara adatça 50 manat möçberde jerime salynýar.

"Olar näme üçin gara maska dakynmagyň gadagandygyny düşündirmeýärler, bu baradaky resmi karary hem görkezmeýärler. Olar diňe "gara matam reňkidir, bizde bolsa baýramçylyk bolar" diýip, ak ýa-da açyk gök medisina maskalaryny dakmagy maslahat berýärler" diýip, aşgabatly sürüjileriň biri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Polisiýa işgärleri bu sözler bilen haýsy baýramçylygy göz öňünde tutýandyklaryny aýdyňlaşdyrmaýarlar. Ýöne bellesek, Türkmenistan 11-nji fewralda Milli Geňeşiň ýokarky öýi bolan Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirýär.

Habarçymyzyň sözlerine görä, käbir sürüjiler polisiýa işgärlerinden ýurtda gara maska dakynmagyň gadagandygy baradaky karary görkezmegi talap etdiler. Polisiýa işgärleri bu sürüjilere azar bermediler we olara jerime töletdirmediler.

Bu aralykda, "Turkmen.news" neşiri gara maska gadagançylygynyň ýurduň sebitlerine hem baryp ýetendigini habar berdi.

Garaşsyz neşiriň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 7-nji fewralda çap eden habaryna görä, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň mekdep resmilerine we okuwçylaryna diňe ak reňkdäki maskalary dakynmalydyklary barada tabşyryk berildi. Şu hili tabşyryk Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Garabogaz şäherlerindäki mekdeplere we çagalar baglaryna hem berildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet derejesinde ak reňkiň propagandasy dowam edýär. Ýurtda ak reňk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň söýgüli reňki hasaplanýar. Aşgabatda ähli binalar ak reňkde gurulýar, ozaldan bar bolan binalar ak reňke boýalýar ýa-da mermere çalymdaş ak plitalar bilen örtülýär. Soňky dört ýylyň dowamynda gara we goňur reňkli awtoulaglaryň ulanylmagy gadagan edildi, diňe ak we açyk reňkli awtoulaglara hereket etmäge rugsat berildi.

Ýurtda gara maska gadagançylygynyň güýçlendirilmeginiň arasynda, prezident Berdimuhamedow "Türkmenistanda öňüni alyş arassaçylyk çärelerini geçirmegi dowam etmegiň maksadalaýykdygyny" belledi.

Şeýle-de, prezident Ministrler Kabinetiniň 8-nji fewralda geçiren iş maslahatynda bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri 15-nji ýanwarda ýurtda ýene bir gulplama girizdi. Bazarlar, söwda merkezleri, hyzmat ediş kärhanalary, dynç alyş we güýmenje desgalary ýapyldy. Şeýle-de, ýurt içindäki uçuşlar çäklendirilip, ýollara gözegçilik güýçlendirildi. Munuň bilen bir wagtda, ýurtda ilata sanjym etmek işleri güýçli depginde dowam edýär.

Sişenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda "koronawirus ýokanjyna garşy Hytaýdan 5 million sany waksinanyň iki ýurduň ... arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hökmünde berlendigi we bu işleriň halkyň saglygyny goramakda, ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almakda möhüm çäreleriň biridigi" hem nygtaldy.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz we saglyk işgärleriniň birnäçesi şu günler koronawirus bilen keselleýänleriň aglabasynyň öýde bejergi almagy makul hasaplaýandygyny we olaryň aglabasynyň çagalardygyny habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG