Rus güýçleri Ukrainanyň ilatly merkezlerini bombalamagy dowam etdirýär, uçardan böken paraşýutçylar Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkow şäherine gelip düşýär.
Russiýanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli urşunyň 2-nji martda ýedinji gününe girmegi bilen, Ukrainanyň hiç bir şäheri ýan bermedi.
Emma hünärmenler Moskwanyň islendik şähere girmezinden öň ol ýeriň binalaryny güýçli top okuna tutup, ýer-ýegsan etmäge çalyşýana meňzeýändigini aýdýarlar.
Şu ýagdaý bilen baglylykda, Halkara Jenaýat kazyýeti (ICC) rus güýçleri tarapyndan amala aşyrylyp bilinjek uruş jenaýatlaryny derňemek meýilnamalaryny yglan etdi.
Iň agyr bomba hüjümleri demirgazyk-gündogardaky Harkow şäherine edildi we soňky günlerde onuň merkezi raketa okuna tutuldy. Resmiler bu hüjümleriň onlarça ýaşaýjynyň ölümine sebäp bolandygyny aýdýarlar.
Sebit häkimi Oleh Synyehubow 2-nji martda irden, soňky 24 sagadyň dowamyndaky hüjümlerde azyndan 21 adamyň ölendigini, 112 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.