Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda iki adam bir jaýa zor bilen girip, öýdäki pişikleri we iti öldürdi


Illýustrasiýa suraty

28-nji fewralda iki adam Aşgabadyň 30-njy etrapçasyndaky bir jaýyň gapysyny döwüp, içeri girdi we jaý eýesiniň üç pişigini, başga-da bir itini öldürdi. Waka şaýat bolan adamlar, şol sanda jaý eýesiniň goňşulary bu adamlaryň häkimligiň işgärleridigini aýdýarlar. Bu waka, häkimiýetleriň ýurtda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda, itleri we pişikleri ýok etmek çäresini güýçlendiren mahalyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berdi.

30-njy etrapçanyň ýaşaýjylarynyň we haýwanlary goraýjy aktiwistleriň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, waka gündiz wagty sagat 11:30 töwereginde boldy. Iki adam gulply jaýyň gapysyny döwüp, onuň içine girdi. Olar jaýyň içindäki üç pişigi we bir iti öldürdiler, ullakan iti bolsa angara alyp gitdiler.

Bu jaýda 17 ýaşly oglan we onuň enesi dört pişik we iki it bilen bilelikde ýaşaýardy. Wakanyň bolan wagty oglan we onuň enesi jaýda ýokdy. Azatlykda bu jaýyň anyk salgysy we onuň ýaşaýjylarynyň atlary barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Onuň sözlerine görä, aradan bir salym geçensoň, oglanyň daýysy geldi we olar polisiýa jaň etdiler. Şondan soňra olaryň öýüne dört polisiýa işgäri geldi.

"Jaý eýeleri olardan jenaýatçylaryň jezalandyrylmagyny talap etdiler. Şeýle-de, jaý eýeleri Aşgabadyň eteginde ýerleşýän galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň başlygyndan angara eltilen uly iti yzyna bermegi hem talap edýärler. Ýöne ol iti bermekden ýüz öwürýär. Bu ýerde ite açlykdan we suwsuzlykdan ölmek howpy abanýar" diýip, ýagdaýa şaýat bolan haýwanlary goraýjy aktiwist anonimlik şertinde 2-nji martda gürrüň berdi.

Ol jaýa zor bilen giren adamlaryň biriniň häkimligiň, beýlekisiniň etrap polisiýasynyň işgärleridigini we olaryň etrapçadaky öýsüz hem-de öwzarsyz itleri we pişikleri ýok etmek işleri bilen eýýäm ençeme ýyl bäri meşgullanýandygyny hem sözüne goşdy.

"Oglan wakadan bir gün ozal itlerini köçede gezdirip ýörkä, onuň jaýyna zor bilen giren adamlaryň biri ondan haýwanlaryň resminamalarynyň barmy ýa ýokdugyny sorapdyr. Oglan bardygyny aýdyp, dessine öýüne giripdir. Olar oglany we onuň haýwanlaryny yzarlap ýörene çemeli" diýip, aktiwist belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Aşgabat şäher häkimliginden we Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 2-nji martda ýerli wagt bilen ikindine çenli eden yzygiderli synanyşyklary netije bermedi.

Bu waka paýtagtyň häkimiýetleriniň, 12-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda, köçelerdäki itleri we pişikleri ýok etmek çäresini güýçlendiren mahalyna gabat geldi.

Aşgabatda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň we ýok edilmeginiň soňky tolkuny, häkimiýetleriň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýynlyk görýän wagty, ýanwaryň ahyrynda başlandy. Bu çäreler soňky hepdelerde has-da güýçlendirildi.

7-nji fewralda habarçylarymyz we haýwanlary goraýjy aktiwistler häkimiýetleriň bu işlere çagalary hem çekýändigini we olara her it ýa pişik üçin 5 manat berýändigini habar berdiler.

Galyberse-de, ýurtda öý haýwanlarynyň ýaşaýjylardan zor bilen alnyp gidilmegi, ýygy-ýygydan ýitirim edilmegi we alnyp gaçylmagy barada Azatlygyň habarçylary ençeme gezek habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri indi ençeme ýyl bäri döwlet baýramçylyklarynyň we möhüm syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, türkmen paýtagtyny we ýurduň sebitlerini "itlerden we pişiklerden arassalamak" işlerine girişýär.

Ýurt ýolbaşçylary “Türkmen alabaýy” çopan tohumyna degişli itiň kultuny ösdürýän mahaly, itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagy we ýok edilmegi barada hiç hili mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG