Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bir günde Aşgabatda onlarça it we pişik öldürildi


Idegsiz itler. Aşgabat, 2020 (illýustrasiýa suraty)

Soňky iki günüň içinde Aşgabatda günde onlarça it tutuldy we ýok edildi. Azatlygyň habarçylary we Aşgabatda haýwanlary goraýjylar idegsiz haýwanlary tutmak işi tabşyrylan gulluklaryň öňlerinde goýlan plany ýerine ýetirýändiklerini we käbir halatlarda haýwanlary eýelerinden zor bilen alyp gidýändiklerini habar berdiler. Aşgabatda öý haýwanlaryny ýok etmegiň häzirki tolkuny, häkimiýetleriň Halk Maslahaty ýygnagyna taýynlyk görülýän wagtyna gabat gelýär.

Aşgabatda öýsüz haýwanlary tutmak işi bilen meşgullanýan gurluşlardaky çeşmelere görä plana laýyklykda günde 50 itiň tutulmagy talap edilýär. Köçelerde tutulan haýwanlar Aşgabadyň eteginde ýerleşýän galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň çägindäki angara eltilip tabşyrylýar.

"Plan günde 50 it bolup, angara öli ýa-da diri itler getirilýär. Olary getirýän awtoulagy galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň ýolbaşçysy hut özi garşy alýar we ýazgy ýöredýär" -diýip adynyň agzalmazlygyny soran habarly çeşme gürrüň berdi.

Bu aralykda, Aşgabatda haýwanlary goraýjy aktiwistler tutulýan itleriň sanynyň jemgyýetçilik hyzmatlarynyň işgärleriniň agzan planyndan has köpdügini habar berdiler.

"Şu gün Büzmeýinden 90 haýwan getirildi. 25 it üçin niýetlenen bir awtoulagda uly ýaşly itler, güjükler we pişikler bardy" - diýip ýene bir çeşme aýdýar.

Azatlygyň habarçylary öý haýwanlarynyň şäheriň ýaşaýjylaryndan zor bilen alnyp gidilen ýagdaýlarynyň birnäçesini anykladylar. Soňky günlerde bolan ýagdaýlaryň birinde resminamalaryň we weterinariýa kitabynyň bardygyna garamazdan, pensioner zenanyň iti elinden zor bilen alnyp gidilipdir.

Itleri ýok etmek boýunça çäreleriň ýene güýçlenmegi, häkimiýetleriň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary ýygnagyna taýýarlyga başlan pursadyna gabat geldi. Ýuduň esasy kanun çykaryjy organynyň ýygnagy 11-nji fewralda geçiriler.

Azatlygyň çeşmelerine görä, paýtagtda haýwanlary tutmak işi 24-nji ýanwarda güýçlenipdir. Ondan öň haýwanlary tutmak üçin ulanylýan ýörite ulaglar etraplarda ortaça üç günden bir gezek peýda bolýardy we dolýança şäheriň içinde aýlanýardy.

"Adatça, birnäçe günüň dowamynda ulag içinde ölen itler we diri haýwanlar bilen bilelikde şäheriň töwereklerine aýlanyp, janly-jandarlary awlaýardy. 24-nji ýanwardan soň bolsa zulumly gyrgynçylyk başlandy" -diýip, aşgabatly it eýesi gürrüň berýär.

Geçen gezek itleri we pişikleri tutmak çäresi bitaraplyk we garaşsyzlyk günleriniň öňýany has işjeňleşipdi. Şonda öý haýwanlarynyň ýygy-ýygydan ýitirim bolmagy we alnyp gaçylandygy baradaky habarlar bilen bir hatarda haýwanlary saklanýan ýerinden satyn almak üçin tölegiň hem ýokarlanandygy mälim boldy. Çeşmelere görä, soňky iki ýylda bir haýwany satyn almagyň bahasy iki esse ýokarlanyp, 350 manada ýetipdir.

Däp bolşy ýaly, döwlet baýramçylyklaryndan we möhüm syýasy wakalardan öň türkmen paýtagtynyň häkimiýetleri şäheri abadanlaşdyrmak boýunça çärelerini hem güýçlendirýärler. Hususan-da, sowadyjylar, antenalar we geýim guratmak üçin çekilen ýüpler jemagat hyzmatlarynyň üns merkezine düşýär.

Aşgabadyň häkimiýetleriniň daşarda guratmak üçin serlen geýimlere garşy göreşi häzirem güýçlenýär.

"Şu günler häkimlikleriň işgärleri hemme ýerde aýlanýarlar. 30-njy mikroraýondaky dostum şu gije daşarda kepýän eşiklerini aýryp, gapysynyň öňüne taşlapdyrlar "maslahatyň öňýanynda" döredilýän tertibi bozmaz ýaly" -diýip Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Soňky günlerde Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyklar zähmet migrantlaryna hem degip geçdi. Şu günler Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň häkimiýetleri içerki migrantlary, ýagny ýurduň beýleki sebitleriniň ýaşaýjylaryny kowup çykarýar.

Aşgabadyň häkimiýetleri öýsüz-öwzarsyz haýwanlary duzaga salmak we ýok etmek meselesi barada resmi düşündiriş bermeýär. Munuň tersine, soňky 10 ýylda ýurtda it kulty ösdi. Emma bu diňe “Türkmen alabaýy” çopan tohumyna degişli boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow alabaýlary wagyz edýär. Onuň başlangyjy bilen alabaýlara altyn ýadygärlik guruldy, olara kitap we goşgular bagyşlandy. Prezidentiň tabşyrygy boýunça ähli ýerde itler üçin toplumlar we ýaryş meýdançalary gurulýar. Iýmit önümleriniň, şol sanda ilat üçin çöregiň ýetmezçiliginiň fonunda, alabaý itleriniň eýelerine goşmaça azyk paýy berilýär. Ýurduň parlamenti hormatly itşynas adyny döredýär.

Президентские инициативы и культ собаки в Туркменистане
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:53 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG