Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

THG: Ukrainada okaýan 20 türkmen Stambula geldi


Žytomir. 4-nji mart, 2022
Žytomir. 4-nji mart, 2022

3-nji martda, sagat 16: 00 töwereginde Türkiýä Ukrainadaky bosgunlary alyp gaýdan birnäçe awtobus geldi, uruş barýan ýurtdan alnyp çykylan adamlaryň arasynda Ukrainanyň okuw jaýlarynda okaýan 20-ä golaý türkmen studenti hem bar diýip, Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.

Bosgunlary Stambul aeroportuna çenli getirmegi türk hökümeti gurnady, biz bu işe türkmen hökümetiniň gatnaşygyny anyklap bilmedik, sebäbi ýolagçylar mundan habarsyzdy diýip, neşir belleýär.

THG-nyň şol wagt Stambul howa menzilinde bolan aktiwistleri şähere tarap gidýän awtobusyň golaýynda duran türkmen studentlerini gördi. Olary hiç kim garşy almady, üstesine ýanlarynda pullary, içlerinde türk dilini bilýänleri bolmansoň, türkmen studentleri awtobuslara münüp bilmedi.

“Biziň aktiwistlerimiz olara bilet satyn almaga kömek etdiler we nirede galmak isleýändiklerini soradylar. Käbiri eýýäm Türkiýede ýaşaýan tanyşlary bilen habarlaşyp, wagtlaýyn galmaga ýer tapandygyny aýtsa, galanlary şäheriň özünde bir şowlulyga umyt baglady” diýip, THG ýazýar.

Şeýle-de, Ukrainadan ÝB ýurtlaryna gelen türkmen studentleriniň sany köpelýär. Polşa, Rumyniýa we Slowakiýa bilen aradaky serhetlerden geçenleriň arasynda Ukrainanyň günbataryndaky we günorta-günbataryndaky uniwersitetlerde okaýan türkmenler hem bar diýip, "Turkmen.news" neşiri habar berýär.

XS
SM
MD
LG