Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mariupoldan asuda ilaty ewakuasiýa etmek synanyşygy ýene başa barmady, söweş dowam edýär


Rus güýçleri tarapyndan oka tutulan bir binadan tüsse göterilýär. Mariupol ş. Ukraina.

Ukrainanyň gabaw astyndaky Mariupol şäherinden asuda ilaty ewakuasiýa etmek boýunça edilen täze synanyşyk başa barmady. Russiýa goldawly separatistler we ukrain resmileri ynsanperwer geçelgäni ýola goýmak boýunça edilen ikinji synanyşygyň başa barmazlygy babatda birek-biregi aýyplaýarlar.

Rus güýçleri tarapyndan daşy gabalan şäheriň 400 müň töweregi ýaşaýjysyny 6-njy martda ýerli wagt bilen günortan başlap, agşam sagat 9-a çenli dowam etjek wagtlaýyn ýaraşyk astynda ewakuasiýa etmek meýilleşdirilipdi.

Ýöne Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň maslahatçysy Anton Gerşçenko rus ok atyşygynyň dowam edýändigi sebäpli ynsanperwer geçelgäniň ugry bilen ýaşaýjylary ewakuasiýa etmek işleriniň togtandygyny aýtdy.

Interfaks habar agentligi ok atyşygyň wagtlaýyn bes edilmeginiň başa barmazlygy bilen bagly Donetsk separatist administrasiýasynyň bir resmisiniň ukrain güýçlerini aýyplaýan sözlerini getirdi. Separatist resmi diňe 300 adamyň şäheri terk edendigini aýtdy.

Has ozal, ukrain häkimiýetleri Mariupoldan özleriniň 200 müňden gowrak adamy ewakuasiýa etmegi meýilleşdirendiklerini aýtdy.

5-nji martda ok atyşygyň bes edilmegi doly berjaý edilmänsoň, asuda ilatyň ewakuasiýasy başa barmady we iki tarap hem ýaraşygyň bozulmagy babatda birek-biregi aýyplady.

Bu aralykda, Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan hüjüminiň 11-nji gününde ýurduň beýleki sebitlerinde adam ýitgilerine we weýrançylyga getiren söweş dowam etdi, 1,5 milliondan gowrak adam ýurdy terk etmäge mejbur boldy.

Şeýle-de, Moskwa media serişdelerine garşy hüjümlerini güýçlendirdi. Ýurtda çozuş barada “galp maglumat” diýilýän habaryň çap edilmegini 15 ýyl türme möhleti bilen jezalandyrýan kanun kabul edilenden soňra, halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda BBC, CNN, AÝ/AR, şeýle-de, Germaniýanyň ARD we ZDF teleradio kompaniýalary Russiýadaky işlerini togtatdy.

Ukrainanyň ýaragly güýçleri 6-njy martda günorta Mikolaýiw şäheriniň ýakasynda rus güýçleri bilen “gazaply” söweşýändiklerini aýtdy.

Ukrain resmileri rus güýçleriniň ýurt boýunça ýüzlerçe raketa we artilleriýa hüjümlerini amala aşyrandygyny, şol sanda paýtagt Kiýewiň demirgazygyndaky Çernihew şäheriniň ilatly sebitlerine güýçli bombalary zyňandygyny aýdýar. Çernihewde onlarça parahat ýaşaýjynyň öldürilendigi habar berildi.

Buça we Irpinde howa hüjümlerine sezewar bolan ýaşaýjylar şäherçelerden gaçmaga synanyşdy.

Britaniýanyň harby razwedkasy Russiýanyň Ukrainadaky taktikalaryny Moskwanyň Çeçenistanda we Siriýada ulanan taktikalary bilen deňeşdirýär. Ol ýerlerde rus güýçleri garaşylmadyk gaýtawul bilen ýüzbe-ýüz bolandan soňra, şäherlere agyr zyýan ýetirildi we bombalandy.

“Bu, ukrain ruhuny bozmak üçin edilýän synanyşyk bolup biler” diýip, Britaniýanyň Goranmak ministrligi 6-njy martda aýtdy. “Russiýa 1999-njy ýylda Çeçenistanda 2016-njy ýylda Siriýada, hem howa, hem-de guryýer tehnikalaryny ulanyp, birmeňzeş taktikalardan peýdalandy”

Russiýa asuda ilatyň ýaşaýan sebitlerini nyşana alýandygyny ret edýär.

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz bilen Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýeniň 6-njy martda Berlinde geçirjek duşuşygynda Ukrainada barýan urşuň gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Has ozal, Şolz 5-nji martda Moskwa baryp rus lideri Wladimir Putin bilen duşuşan ysraýyl premýer-ministri Naftali Bennett bilen gürleşdi. Bennettiň edarasy bu saparyň Waşingtonyň “kordinasiýasy we makullamagy bilen” amala aşyrylandygyny aýtdy.

Bennett Putin bilen duşuşandan soňra Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen telefonda gepleşdi.

“Biz dialoga dowam ederis” diýip, Zelenski telefon söhbetdeşliginden soňra twit ýazdy.

6-njy martda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Putin bilen gepleşmegine garaşylýar. NATO agzasy bolan Türkiýe Gara deňizde Ukraina we Russiýa bilen deňiz serhedini paýlaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG