Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa käbir sebitlerde atyşygyň bes edilmegini buýurýar, ýöne topa tutmak dowam edýär


Topa tutulýan Irpin. 6-nji mart, 2022.

Rus goşuny, Mariupoldan parahat ilaty ewakuasiýa etmek synanyşygynyň şowsuz gutaran gününiň ertesi, Ukrainanyň paýtagty Kiýewden, şeýle-de Mariupol, Harkow we Sumy şäherlerinden raýatlaryň ewakuasiýa edilmegine ýol berilmegi üçin atyşygyň togtadylmagyny buýurdy.

Emma “Nowosti” habar gullugynyň Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanyp çap eden ewakuasiýa ýollary adamlara diňe Russiýa we Belarusa gitmäge rugsat beriljekdigini görkezýär.

Ukraina bu çäräni "ahlaksyzlyk" diýip atlandyrdy, prezident Wolodymyr Zelenskiniň metbugat wekiliniň sözlerine görä, ukrain raýatlaryna öýlerini Ukrainanyň çäginden terk etmäge rugsat berilmeli.

Russiýa bilen Ukraina 7-nji martda gepleşikleriň üçünji tapgyryny geçirmeli diýip, ukrain gepleşikçisi Deýwid Arakhamiýa 5-nji martda Facebookda habar berdi.

Iki tarap Russiýa 24-nji fewralda Ukraina goşun süreli bäri iki gezek Belarusda duşuşdy.

Ukrain resmileri Moskwanyň atyşygyň bes edilmegi barada aýdanlaryny entek tassyklamady. Atyşygy togtatmak barada baglaşylan öňki ylalaşyklar parahat ilatyň gaçyp çykmagyna mümkinçilik bermedi.

Russiýany goldaýan separatistler bilen ukrain resmileri top oklaryndan gaçyp gutulmaga synanyşan müňlerçe raýat üçin Gara deňziň boýundaky Mariupol şäherinden ynsanperwerlik koridoryny açmagyň başa barmazlygynda bir-birini günäkärleýär.

Ukrainanyň Baş ştaby 7-nji martda rus güýçleriniň Kiýewiň 480 km günortasynda ýerleşýän Mikolaýew şäherine ot açyp, hüjümini dowam etdirendigini aýtdy. Halas edijiler ýaşaýyş etraplaryna atylan raketalaryň turzan ýangynlaryny öçürmek bilen meşgullanýandyklaryny aýtdylar.

Kiýewiň eteklerini, şol sanda Irpini topa tutmak dowam etdi. Irpinde üç günläp elektrik, suw we ýyladyş bolmady.

Ýaşaýjylar howadan urulýan zarbalar sebäpli Irpinden we Kiýewiň etegindäki başga bir şähere, Buça gaçmaga synanyşdylar.

"Russiýa Ukrainanyň şäherlerine we şäherçelerine raketa, bomba we artilleriýa hüjümlerini dowam etdirýär" diýip, Baş ştab aýtdy. “Basybalyjylar Ukraina howa zarbalaryny urmak üçin Belarusyň aerodrom ulgamlaryndan peýdalanmagy dowam etdirýärler" diýip, beýanatda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG