Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, ýewropaly hyzmatdaşlar Russiýanyň nebit importyna gadaganlyk girizmegi maslahatlaşýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

ABŞ we onuň ýewropaly hyzmatdaşlary Russiýadan nebit importyny gadagan etmegi maslahatlaşýarlar diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 6-njy martda aýtdy.

"Waşington, ýewropaly hyzmatdaşlarymyz bilen, Russiýanyň nebitiniň biziň ýurtlarymyza import edilmegini gadagan etmek barada, elbetde, şol bir wagtyň özünde kadaly global nebit üpjünçiligini saklamak bilen, örän işjeň gepleşik geçirýär” diýip, ol aýtdy.

Blinken ABŞ-nyň NBC teleýaýlymyna beren interwýusynda täze çäreleriň nähili boljakdygy barada jikme-jik maglumat bermedi, ýöne hiç bir çäräni aradan aýyrmady. Blinkeniň bu sözleri ABŞ-da benziniň bahasynyň 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä çykan mahalyna gabat geldi.

Birleşen Ştatlar geçen ýyl Russiýadan aýda ortaça 20 million barrelden gowrak çig we arassalanan nebit önümlerini import edipdi. Energiýa maglumat dolandyryşyna (EIA) görä, bu ABŞ-nyň import edýän suwuk ýangyjynyň takmynan 8 göterimi bolýar.

Russiýa Ukraina hüjümini başlansoň, ABŞ Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna we “Demirgazyk akym 2” tebigy gaz geçirijisine tehnologiýa eksportyna garşy sanksiýalary girizdi.

Emma muňa garamazdan, dünýä nebit bazarlaryna we ABŞ-nyň energiýa bahalaryna edýän täsirini nazara alyp, Baýden administrasiýasy şu wagta çenli Russiýanyň nebit we gaz eksportyny nyşana almakdan saklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG