Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda onlarça enä “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy


Prezident bilen çärä gatnaşýan çagalar. Arhiw suraty
Prezident bilen çärä gatnaşýan çagalar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy martda sekiz we sekizden köp çagany dünýä inderen eneleriň onlarçasyna “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak baradaky karara gol çekdi.

“Eziz perzentlerine watansöýüjilik, ynsanperwerlik, lebzihalallyk we zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetleri ündeýän ...mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr” diýip, TDH-nyň habarynda bellenýär.

Resmi maglumatlara görä, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanda sekiz we sekizden köp çagany ösdürip ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýen hormatly at dakylýar we olara täze ýaşaýyş jaýlary sowgat berilýär.

Emma Azatlygyň ýerli habarçylary Türkmenistanda hormatly at dakylýan eneleriň sanawyna girmek üçin öňünden häkimiýetlere para bermeli bolýan eneleriň hem bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG