Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda “Ene mähri” diýen hormatly ady kimler alyp bilýär?


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanda “Ene mähri” diýen hormatly at kimlere berilýär? Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu mesele boýunça döwlet metbugatynda aýdylmaýan käbir maglumatlary anyklady.

Onuň maglumatlaryna görä, Mary welaýatynda häkimiýetler “Ene mähri” diýen hormatly ady almak isleýän aýallardan para talap edýär.

Döwlet metbugatyna görä, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanda sekiz we şondan köp çagany ösdürip ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýen hormatly at dakylýar we olara täze ýaşaýyş jaýlary sowgat edilýär.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, 7-nji martda paýtagt Aşgabatda we welaýat merkezlerinde köp çagaly eneleri hormatlamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda olara prezidentiň permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy we ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Şeýle çäreler Türkmenistanda her ýyl Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurtda köp çagaly enelere baýrak gowşurmak üçin Zenanlar gününiň öňýany ýörite sanawlaryň düzülýändigini habar berýär.

“Bu sanawa girmek üçin 4 müň manatdan 45 müň manat aralygynda para bermeli bolýar” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. “Berýän paraňa görä, alýan sowgatlaryň üýtgeýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, 4 müň manat para beren aýallara telewizor gowşurylýar, şeýle-de olar medal bilen sylaglanýar, has köp mukdarda para beren adamlara “30 ýyl möhlet bilen jaý” we medal gowşurylýar, şeýle-de olar döwlet telewideniýesinde görkezilýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Mary welaýaty boýunça 200 töweregi 8-10 çagaly aýal bar. “Ýöne bu ýyl Mary welaýaty boýunça diňe bir adam saýlanyp alnypdyr” diýip, sanlardan habarly maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Birnäçe maryly ýaşaýjynyň sözlerine görä, bu ýyl Mary welaýaty boýunça baýrak alan zenanyň dokuz çagasy bar we ol gurply maşgaladan.

Habarçy çaga sanyna garamazdan, garyp maşgalalar üçin bu baýraklaryň elýeterli däldigini aýtdy. Ol baýraklary resmileşdirmek işleriniň ýerli administrasiýalarda ýerine ýetirilýändigini sözüne goşdy.

TDH “Ene mähri” diýen hormatly at dakylan we sylag gowşurylan aýallaryň sany barada maglumat bermeýär.

Bir ýaşaýjynyň sözlerine görä, gahryman ene medalynyň garyp maşgalalara gowşurylmazlygy köp sanly enäniň döwlet sylaglaryna üns bermezligine alyp gelýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere käbir ýeňillikler döredilýär; olar özleriniň statusyny tassyklaýan resminamany ýurduň sagaldyş merkezlerinde, şeýle-de otly we uçar biletlerini almak üçin ulanyp bilýärler. Şeýle-de, olar bu resminamadan dermanhanalarda, keselhanalarda we döwlet dükanlarynda peýdalanyp bilýärler.

“Bu ýeňillikleri köp çagaly eneleriň köpüsi bilmeýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Galyberse-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, gahryman eneleriň ýaşaýyş jaý sowgadyny almagy üçin, hökmany suratda maşgala agzalarynyň azyndan biri hökümet işinde işlemeli. “Ýogsa-da, olar jaý alyp bilmeýärler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Döwlet telewideniýesi Halkara zenanlar gününiň öňýany we yzýany ýurtda baýrak gowşurylan käbir eneleri we olaryň maşgala agzalaryny görkezýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy olaryň telewideniýä düşmek işiniň çykdajylydygyny habar berdi. “Telewideniýä çykmak üçin her welaýatdan iberilýän gahryman ene talaba laýyk geýinmeli. Diňä enäniň özi däl, ähli maşgala agzalary talaba laýyk bolmaly. Olaryň geýýän egin-eşikleri häkimlik tarapyndan saýlanmaly we makullanmaly. Egin-eşikleri administrasiýa saýlaýar, ýöne puly şol maşgalanyň özi tölemeli” diýip, bir ýerli ýaşaýjy habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Eger-de garyp we hiç ýerde işlemeýän bolsaň, bu medaly almak barada arzuw hem etmek bolmaýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG