“Amnesty International” guramasy soňky bir ýylda aýal-gyzlaryň adam hukuklary ýagdaýynyň pese gaçmagynyň öňüni almak üçin "batyrgaý hereket" etmäge çagyrdy.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama 8-nji martda, Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli çap eden beýanatynda köp ýurduň kanuny goragy ýatyryp, aýal-gyzlary we olaryň hukuklaryny goraýanlary "görlüp-eşidilmedik howp-hatalaryň astynda" goýýandygyny aýtdy.
"2021-nji ýylda we 2022-nji ýylyň başynda bolup geçen wakalar millionlarça aýal-gyzyň hukuklaryny we mertebesini basgylamak üçin guralan dildüwşük boldy" diýip, halkara Günä geçiş guramasynyň baş sekretary Agnes Callamard aýtdy.
"Hiç bir jemgyýet ilatynyň ýarysyndan gowragynyň mertebesiniň beýle derejede peseldilmegine ýol berip bilmez we hiç wagt muňa çydamaly däldir” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Beýanatda konflikt zonalaryna düşen aýallaryň ýagdaýy, şol sanda Ukrainada dowam edýän uruş, Russiýanyň sebäpsiz çozuşy zerarly 1,7 milliondan gowrak adamyň, hususan-da aýallaryň we çagalaryň goňşy ýurtlara gaçmaga mejbur edilişi barada gürrüň edilýär.
"Şu günki günde tutuş Ukrainada we has giň sebitde ýene bir gezek aýal-gyzlar agyr töwekgellik bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, AI-niň beýanatynda aýdylýar we gündogar Ukrainada, Russiýa tarapyndan goldanylýan seperatistler bilen hökümet güýçleriniň arasynda barýan köpýyllyk konflikt zerarly jynsy zorluga uçraýan, zerur hyzmatlary alyp bilmeýän aýallaryň sanynyň has köpelendigi aýdylýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.