Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Ukrainadaky uruşdan gaçýanlaryň sanynyň 2 milliondan geçendigini aýdýar


Polýak serhedine gelen bosgunlar.
Polýak serhedine gelen bosgunlar.

BMG-niň bosgunlar edarasynyň başlygy Russiýanyň Ukraina goşun sürmegi sebäpli ýurtdan gaçýanlaryň sanynyň 2 milliona ýetendigini aýtdy.

BMG-niň bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi Russiýa 24-nji fewralda goňşy ýurda goşun süreli bäri Ukrainadan gaçyp gelýän adamlary öz serhedinde kabul edýän ýurtlara, Moldowa, Polşa we Rumyniýa baryp göreninden soň, Osloda guralan metbugat ýygnagynda çykyp gürledi.

Grandi, deňeşdirmek üçin aýdylsa, Bosniýada we Kosowada bolan Balkan urşy wagtynda "belki, iki-üç million bosguny görendigini, ýöne munça adamy diňe sekiz ýylyň dowamynda" görendigini aýtdy.

"Dünýäniň beýleki bölekleri muny gören hem bolsa, Ýewropada bu ýagdaý Ikinji jahan urşundan bäri ilkinji gezek bolýar" diýip, Grandi sözüni dowam etdirdi.

BMG-niň bosgunlar edarasy 7-nji martda Ukrainadan bosan adamlaryň sanynyň 1,7 milliondan gowrak bolandygyny aýtdy.

BMG-niň adam hukuklary bölüminiň başlygy Mişel Baçlet Ukrainadaky uruş zonalarynda gabalyp, çykyp bilmän galan raýatlaryň sag-aman howpsuz ýere çykmagyna ýol berilmegine çagyrdy.

Baçelet Ženewada ýerleşýän guramanyň wideo ýüzlenmesinde "Men duşmançylyklary parahatçylykly tamamlamak baradaky gyssagly çagyryşymy gaýtalaýaryn" diýdi.

XS
SM
MD
LG