Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler saýlawlarda kiçi Berdimuhamedowa ‘ses bermelidigini duýdurýarlar’


Türkmen saýlaw resmileriniň maglumatyna görä, ýurtda jemi 2 müň 618 saýlaw uçastogy esaslandyrylypdyr.
Türkmen saýlaw resmileriniň maglumatyna görä, ýurtda jemi 2 müň 618 saýlaw uçastogy esaslandyrylypdyr.

Türkmenistanda 12-nji marta yglan edilen irki prezidentlik saýlawlaryna soňky taýýarlyklaryň görülýän wagty, adaty ilatyň – netijesi öňünden kesgitlidigi aýdylýan bu – saýlawlara biparh garaýandygy bellenilýär. Saýlawlar bilen bagly şu aýyň başynda möhletinden öň ses berişligiň başlanmagy bilen, häkimiýetler býujetçileri ses bermäge mejbur edýärler. Ýerli we halkara synçylar ýetip gelýän türkmen saýlawlaryna ýurduň iň ýokary döwlet wezipesini atadan ogla geçirmek synanyşygy hökmünde baha berýärler.

“Türkmenabatda saýlawlara güýçli taýýarlyk görülýär. Saýlaw uçastoklarynda dokuz kandidatyň suratlary we terjimehallary çap edilen billbordlar ýerleşdirildi. Saýlaw uçastoklarynyň daş töwereginde mejbury ýowar geçirilýär, ýanýodalar, binalaryň haýatlary täzeden boýalýar. Polisiýa bu sebitleriň daş-töwereginde gije-gündiz nobatçylyk çekýär” diýip, Lebabyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylarynyň biri 8-nji martda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan öň, Azatlyk ýerli býujetçileriň, şol sanda mugallymlaryň hem gapyma-gapy aýlanyp ýaşaýjylara saýlawlara çakylyk hatlaryny paýlaýandygy barada habar beripdi. Aşgabatda bu işleriň çäginde ýerli resmiler saýlawlarda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowa ses bermelidigi barada duýduryp başladylar.

“Häkimiýetler mejbury ýagdaýda adamlary ses bermäge çekjek bolýarlar. Paýtagtdaky ähli býujetçilere öz ýakynlaryny saýlaw uçastoklaryna getirmelidigi barada duýdurýarlar, ýogsa-da işlerinden boşadyljakdygy bilen haýbat atýarlar. Saýlaw çakylyk hatlaryny paýlaýanlar saýlawlarda kiçi Berdimuhamedowa ses bermelidigini hem aýdýarlar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren aşgabatlylaryň biri 8-nji martda habarçymyza aýtdy.

Türkmen saýlaw resmileriniň maglumatyna görä, ýurtda jemi 2 müň 618 saýlaw uçastogy esaslandyrylypdyr, şeýle-de ses berişlige gözegçilik etmek üçin milli synçylaryň 2 müň 726 sanysy hasaba alnypdyr.

Köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýda 12-nji fewralda yglan edilen bu saýlawlarda dalaş edýän prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň, ozal ady kän eşidilmedik beýleki sekiz kandidatyň häzirki režimiň tarapyny tutup çykyş edýändigi nazarda tutulyp, aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň otuz ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şu wagta çenli geçirilen hiç bir saýlaw abraýly Günbatar synçylary we hukuk toparlary tarapyndan hiç haçan ‘erkin we adalatly saýlaw’ diýlip ykrar edilmedi.

Habarçymyz ilatyň ýokarky ýagdaýlary nazarda tutup, ýurduň syýasy durmuşyndaky bu möhüm waka bilen kän gyzyklanmaýandygyny belledi.

“Adamlar saýlawlar bilen asla gyzyklanmaýar diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi hemme zat öňünden belli. Adamlaryň häzir esasy aladasy gündelik çöregini tapmak bolup dur. Mundan başga-da, adamlar öz howpsuzlygyndan howatyr edip saýlawlar, umuman, islendik syýasy mesele barada dymanyny gowy görýärler” diýip, aşgabatly synçylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw režimli ýurtlarynyň biri Türkmenistanda häkimiýetler başga, şol sanda tankydy pikirlere hem ýol bermeýärler. Hukuk toparlary esasy azatlyklary gödek depelemekde tankytlanýan ýurtda özge pikirlileriň dessine sem edilýändigine hem ünsi çekýärler.

Lebapdaky habarçylarymyz ýurduň gündogar welaýatynda hem ilat arasynda prezidentlik saýlawlaryna gyzyklanmanyň tas ýokdugyny tassyklaýarlar.

“Saýlaw çakylyklaryny paýlamaga mejbur edilen mugallymlaryň birinden, ‘dalaşgärler kim?’ diýip soranymyzda, ol ‘hiç zady bilmeýärin, degişli saýlaw uçastogyňyza baranyňyzda, şol ýerde bilersiňiz’ diýip jogap gaýtardy” diýip, türkmenabatlylaryň biri şaýat bolan wakasyny gürrüň berdi.

Bellesek, prezidentlige dalaşgärleriň arasyndan, kiçi Berdimuhamedowdan galanynyň ady mundan öň ýurduň syýasy durmuşynda kän eşidilmändi.

Bu aralykda, türkmen döwlet metbugaty dalaşgärleriň doly terjimehallaryny we olaryň programmalaryny çap edip başlady.

“Türkmenistanyň Hronikasy” 7-nji martda ýurduň esasy gazetlerinde Serdar Berdimuhamedow bilen ilteşikli maglumatlaryň çap bolandygyny, şeýle-de resmi maglumatlardan çen tutulsa, kiçi Berdimuhamedowdan başga dalaşgärleriň syýasy karýerasynda göze görnüp duran üstünlikleriň ýokdugyny hem nygtady.

Mundan başga-da, ähli dalaşgäriň ýurduň mediasynda ýurtbaştutanynyň şahsyýet kultuny we onuň gazanyldy diýýän üstünliklerini mahabatlandyrmak üçin peýdalanýan tekstlerine çalymdaş sözleri ulanýandyklaryny hem synlasa bolýar.

Türkmenistanyň saýlaw resmileriniň 8-nji martda beren maglumatyna görä, prezident saýlawlary boýunça öňünden ses bermek işleri dowam edip, 6-njy martdaky ýagdaýlara laýyklykda, ýurt boýunça saýlawçylaryň 2,54% öňünden ses beripdir.

Öňünden ses bermek 2-nji martda başlandy we 11-nji martda ýerli wagt bilen sagat 18:00-da tamamlanar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG