Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Has köp ukrainalynyň uruşdan gaçmaga çalyşmagy bilen, Günbatar nebiti Russiýa garşy iň soňky gural hökmünde ulanýar


Baýden "eýýämden düşnüklidigini: Ukrainanyň Putin üçin hiç wagt ýeňiş bolmajakdygyny” aýtdy.
Baýden "eýýämden düşnüklidigini: Ukrainanyň Putin üçin hiç wagt ýeňiş bolmajakdygyny” aýtdy.

Russiýanyň topa tutmagyny dowam etdirip, çykyş ýollarynyň käbirini kesmegi netijesinde, ynsanperwerlik koridorlary arkaly ýurduň weýran edilen şäherlerinden çykmaga synanyşýan adamlaryň köpelmegi bilen, ABŞ rus nebitiniň importyny gadagan etdi.

Russiýanyň goňşusyna edýän hüjüminiň 13-nji güni, ýaşaýyş ýerleriniň nyşana alynýandygy baradaky habarlar bilen, ýene bir gara gün boldy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 8-nji martda rus kärdeşi Wladimir Putine basyş edip, Russiýadan nebit we beýleki energiýa önümleriniň importynyň gadagan edilýändigini yglan etdi. Moskwa dünýäniň beýleki ýurtlary tarapyndan hem berkden-berk sanksiýalara sezewar edilip, barha kän izolýasiýa astyna düşýär.

Waşington bilen bir hörpden gopýan Angliýa hem ýylyň ahyryna çenli rus nebitini ulanmagyny bes etjekdigini aýtdy. Moskwanyň energiýa üpjünçiligine köp derejede garaşly bolan ÝB bolsa, Orsýetden edýän gaz importyny üçden iki azaltmakçy bolýandygyny aýtdy.

Şu aralykda, nebit läheňi bolan “Shell” kompaniýasynyň Orsýetden çykýandygyny yglan etmegi bilen, günbatar kompaniýalary Russiýadan çekilmegini dowam etdirýär, çalasyn naharlanmagyň we kofe içmegiň dünýä belli nusgalary bolan “Makdonalds” we “Starbucks” Russiýadaky işlerini wagtlaýynça togtadýan 200-den gowrak firma goşuldy.

Baýden rus goşunlarynyň “özleriniň şeýle gymmat düşýän hupbatly ilerlemelerini dowam etdirip biljekdigini”, ýöne eýýämden düşnüklidigini: Ukrainanyň Putin üçin hiç wagt ýeňiş bolmajakdygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG