Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri uruşdan gaçan türkmenleriň ýol pullaryny özlerine töletdirýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmen uçary.

Ukrainada uruşdan gaçyp, Rumyniýa baran bir türkmenistanly 7-nji martda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, Rumyniýadaky türkmen ilçihanasynyň işgärleriniň watana dolanmak isleýän türkmenistanlylardan pul toplaýandygyny habar berdi.

Şeýle-de, 8-nji martda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri hem Rumyniýadaky türkmen ilçihanasynyň işgärleriniň Rumyniýadan öýe dolanmak isleýän türkmenleriň ýol puluny özlerine töletdirýändigini habar berdi.

Russiýanyň Ukraina garşy harby çozuşa girişmegi bilen ýüzlerçe türkmenistanly, millionlarça bosgun bilen bir hatarda, goňşy Polşa, Rumyniýa we Moldowa ýaly ýurtlara gaçyp bardy.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligine görä, 5-nji marta çenli 1 müň 700 türkmen talyby Ukrainadan ewakuasiýa edildi. Heniz hem Ukrainada gysylyp galan türkmenistanlylaryň anyk sany barada maglumat ýok. Ýöne dürli maglumatlara görä Ukrainadaky türkmenistanlylaryň umumy sany 4 müň 300 adamdan 6 müň adama çenli üýtgeýär.

Türkmen bosgunlary barada gelip gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, goňşy ýurtlara bosgunlyga çykan türkmenistanlylar üçin esasan dört ýol bar - bosgunlyga baran ýurtlaryndaky türkmen wekilhanalarynyň kömegi bilen Türkmenistana dolanmak, eger mümkinçilik bolsa, bosgunlyga baran ýurtlarynda galmagyň ýollaryny agtarmak, Türkiýä geçip, ol ýerde ornaşmak; ýa-da Türkiýäniň üsti bilen Türkmenistana dolanmak.

Azatlyk Radiosy bilen 7-nji martda Rumyniýadan habarlaşan türkmenistanly Rumyniýadan Türkiýä barýan we bosgunlar üçin mugt üpjün edilen awtobuslara münmek üçin Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleriniň türkmenlerden 50 dollar möçberinde pul soraýandygyny habar berdi.

“Türkmenistanyň hronikasyna” görä, 6-7-nji martda Ukrainadan Buhareste otly bilen baran türkmenleri Türkmenistanyň Buharestdäki ilçihanasynyň işgärleri garşy alypdyr. Ilçihana işgärleri uruş bosgunlaryna iki ýol teklip edýär.

Olaryň teklibine görä, türkmenistanly uruş bosgunlary adam başyna 70 dollardan ýol puluny töläp, ýörite awtobuslar bilen Türkiýä geçip bilýärler, ýa-da olaryň sany 200 adama ýeten ýagdaýynda, olar türkmen howa ýollary kompaniýasy tarapyndan gurnaljak ýörite uçar gatnawy arkaly watana dolanyp bilýärler.

Habara görä, uçar gatnawlaryny Rumyniýadan ýa-da Polşadan gurnamak göz öňünde tutulýar. Türkmen häkimiýetleri uçar biletleriniň tölegi üçin, uruşdan gaçyp barýan öz raýatlaryndan 1200 manat möçberinde pul soraýar. Uçar peteginiň tölegini talyplaryň Türkmenistandaky hossarlary tölemeli. Galyberse-de, ýygnananlaryň sany 200 adama ýetýänçä, Ukrainadan gaçan türkmenler bosgunlyga baran ýurtlarynda öz hasabyna ýaşamaly.

9-njy martda Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça kommentariý almak maksady bilen Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasyna jaň etdi. Ilçihana Azatlygyň diňleýjilerine maglumat bermekden ýüz öwürdi.

Türkmenistanyň wekilhanalary, hususan-da Kiýewdäki türkmen ilçihanasy ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan hem-de Ukrainadan gaçan türkmenistanlylar tarapyndan öz raýatlaryna ýeterlik ýardam bermezlikde tankyt edilýär.

Ukrainadaky türkmenler köplenç ýagdaýdan özbaşdak çykalga gözlemäge mejbur boldy.

Uruş başlanandan dört gün soňra, 28-nji fewralda urşuň arasynda galan türkmen talyplary öz janlaryny halas etmek üçin Türkiýäniň “A Haber” telekanalyna göni efir arkaly interwýu berip, türk häkimiýetlerinden ýardam sorady.

turkmen.news neşiri “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasynyň 9-njy martda türkmen talyplary üçin rumyn paýtagtyndan Türkmenabada ýörite uçar gatnawyny meýilleşdirýändigini habar berdi.

Azatlyk Radiosy Rumyniýa baran türkmenleriň ýagdaýy, olardan ýol üçin talap edilýän tölegler we meýilleşdirilýän uçar gatnawy barada kommentariý almak üçin çarşenbe güni Buharestdäki türkmen ilçihanasyna jaň edende, ilçihana işgäri Azatlyk Radiosynyň soragyny diňledi, jogaba gezek gelende bolsa, trubkany taşlap goýberdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG