Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain DIM-i 1700 türkmen studentiniň ýurdy terk etmegine ýardam berlendigini aýdýar


Ukrainanyň Daşary işler ministrligi.
Ukrainanyň Daşary işler ministrligi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi geçen hepdäniň dowamynda 130 müňden gowrak daşary ýurt raýatynyň, şol sanda 1 müň 700 türkmen talybynyň Ukrainany terk etmegine ýardam berlendigini aýdýar.

“Geçen hepdäniň dowamynda ukrain hökümeti 130 müň daşary ýurtlynyň, şol sanda 10 müň hindistanly, 2 müň 500 hytaýly we 1 müň 700 türkmen talybynyň ýurdy terk etmegine ýardam berdi” diýip, Ukrainanyň Daşary işler ministrligi 5-njy martda agşam Twitter ulgamy arkaly habar berdi.

Şeýle-de, ministrlik ýurduň çägindäki daşary ýurt döwletleriniň wekilhanalaryny öz raýatlarynyň Ukrainadan ewakuasiýa edilmegine işjeň goşulmaga çagyryş etdi.

Ukrainada dowam edýän urşuň arasynda, ýurtda ýaşaýan türkmenistanlylar, beýleki bosgunlar bilen bir hatarda, soňky 10 günden gowrak wagt bäri uruşdan gaçmaga çalyşýarlar.

Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň öz raýatlarynyň ewakuasiýasyna ýeterlik ýardam bermeýändigi baradaky habarlaryň arasynda, 28-nji fewralda Ukrainada galan türkmen raýatlary Türkiýäniň “A Haber” telekanalyna interwýu berip, türk häkimiýetlerinden kömek sorady.

Häzirki wagtda Ukrainanada ýaşaýan türkmenistanlylaryň anyk sany barada maglumat ýok, ýöne ÝUNESKO-nyň 2020-nji ýyl üçin çap eden statistika sanlaryna görä, Ukrainada jemi 4 müň 304 türkmen talyby ýokary bilim alýardy.

BMG-niň Bosgunlar boýunça agentligi 6-njy marta çenli Ukrainadan goňşy ýurtlara gaçmaga mejbur bolan bosgunlaryň sanynyň 1,5 million adama golaýlandygyny aýtdy.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüme girişdi we häzirki wagtda ýurduň dürli künjeklerinde söweşler barýar.

XS
SM
MD
LG